2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Hytaýyň Ninbo şäherinde badalga alýan agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan on türgen çykyş eder.
Hytaýda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty taryhda ikinji gezek geçirilýär. Mundan ozal bu ýaryş 1995-nji ýylda Hytaýda geçirilipdi. Bu gezekki ýaryş Ninbo şäheriniň Olimpiýa sport merkeziniň meýdançasynda geçiriler we 8-nji noýabra çenli dowam eder.
Dünýäniň 99 ýurdundan 531 türgeniň (263 erkek we 268 zenan) baýrakly orunlar ugrunda bäsleşmegine garaşylýar. Iki görnüşiň jemi netijesi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz toplumdan, jemi 16 toplum medal ugrunda göreşiler.
Şu ýylky dünýä çempionaty agyr atletikanyň taryhynda möhüm tapgyr bolar. Munuň sebäbi ýaryşyň agram derejeleriniň ulgamynda giň gerimli üýtgetmeler girizilenden soň ilkinji gezek geçirilmegidir. Mundan başga-da, dünýä birinjiligi täze Olimpiýa saýlama tapgyryna resmi taýdan badalga berýär. Ştangaçylar 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin möhüm saýlama utuklaryny gazanmak ugrunda göreşerler.
Türkmenistanyň ýygyndy topary zenanlaryň we erkekleriň arasynda deňagramly düzümi bilen wekilçilik edýär. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa (53 kilograma çenli), Şabnam Kerimbaýewa (57 kilograma çenli), Medine Amanowa (69 kilograma çenli), Gülälek Kakamyradowa (77 kilograma çenli) we Anamjan Rustamowa (86 kilograma çenli) çykyş ederler.
Erkekleriň arasynda bolsa Bektimur Reýimow bilen Didarbek Jumabaýew (ikisi hem 79 kilograma çenli), Gaýgysyz Töräýew (85 kilograma çenli), Rüstem Annaberdiýew (95 kilograma çenli) we Şahzadbek Mätýakubow (110 kilograma çenli) çykyş ederler.
Türkmen agyr atletikaçylary iň soňky gezek 2024-nji ýylda Bahreýniň Manama şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda çykyş edipdiler. Şonda 73 kilograma çenli agram derejesinde Bunýat Raşidow kiçi kümüş medala, 102 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Döwranbek Hasanbaýew bürünç medala mynasyp bolupdylar.