Ï «Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 101

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 26-njy sany çapdan çykdy.

Žurnal 2025-nji ýylda kabul edilen resminamalar toplumy bilen açylýar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň Permanlary we Kararlary, Mejlisiň Kararlary, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlary bar. Neşirde degişli yzygiderlilikde geçen ýylyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik çärelerine gysgaça syny özünde jemleýän bölüme hem aýratyn orun berlipdir. Olar iri forumlardan, halkara maslahatlardan, döwlet derejesindäki duşuşyklardan, senagat we jemgyýetçilik maksatly möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryndan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen hem-de žurnalyň şu sanynda neşir edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bilen BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllyk senesiniň özara baglanyşygyny aýratyn bellemek gerek. Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň hem-de ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna girizildi.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty munuň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmen arhiwi» neşiriniň sahypalaryndaky maslahatlar, forumlar, «tegelek stol» söhbetdeşlikleri, ugurdaş çäreler, kabul edişlikler hem-de duşuşyklar bilen bagly maglumatlary özünde jemleýän makalalar toplumy hem hut şol waka bagyşlanypdyr. Şeýle hem bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy çap edildi.

Mundan başga-da, žurnalda geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabaralaryna syn berilýär. Şolaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşligindäki täze Döwletli mekan obasyny, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşligindäki döwrebap Bitaraplyk şäherçesini, Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany we Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Aşgabat şäherindäki «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumyny görkezmek bolar.

Şeýle hem neşirde 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan, dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara foruma bagyşlanan makalalara orun berlipdir. Bu halkara forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Onuň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň gymmatly resminama çeşmeleri jemlenen arhiwlerine uly orun degişlidir. Çünki olar halkyň taryhy-medeni baýlygynyň bir bölegidir. Ylmy makalalary ýazmakda arhiw resminamalaryny, şol sanda şahsy arhiwleri ulanmak özboluşly, ygtybarly maglumatlary almaga hem-de olaryň taryhy gymmatlygyny artdyrmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Merw wazasy baradaky makala okyjylaryň ünsüni çeker. Gäwürgaladaky budda ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan, b.e. VI asyryna degişli bolan meşhur reňkli Merw wazasy gadymy sungatyň ajaýyp eseri diýlip ykrar edildi. Iki tutawaçly, giň agyzly bu gapda gadymy buddizm golýazmasy (sanskrit dilindäki ýazgy) saklanyp galypdyr. Küýzäniň ýüzünde şekillendirilen suratlar asylly adamyň durmuşy barada gürrüň berýän 4 sany yzygiderli sýužet sahypasyna bölünýär: 1 — meýlis/baýramçylyk, 2 — awçylyk, 3 — kesele uçramak, 4 — ýas tutmak we jaýlamak (ömrüň ötmegi). Häzirki wagtda bu gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýar.

Şeýle hem okyjylar XIX asyrda Halkara Gyzyl Haç guramasynyň we her bir ýurtda milli jemgyýetleriň döredilmegi bilen tanyşdyrýan makalany okap bilerler. Täze guramalar urşuň sanitariýa netijelerini aradan aýyrmak we uruş hereketlerinden ejir çeken ilata kömek bermek meseleleri bilen meşgullanypdyrlar. Häzirki wagtda 1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Halkara Gyzyl haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketinde biziň döwletimize wekilçilik edýär. Ýurdumyzyň iň irki ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, TGÝMJ raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli rehimdarlyk, duýgudaşlyk we ýakynyňa ýardam bermek ýaly halkymyzyň iň gowy däp-dessurlary ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda işläp, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar.

Žurnalyň nobatdaky sanyna meşhur Aşgabat — Moskwa atly ýörişi baradaky maglumatlar girizildi. 32 sany türkmen çapyksuwary ahalteke we ýomut atlarynda 4300 kilometr ýoly 84 günüň dowamynda (1935-nji ýylyň 30-njy maýyndan 22-nji awgustyna çenli) geçip, uly gahrymançylyk görkezdiler. Şeýle hem neşiriň sahypalarynda 1880-nji ýylda gurluşygy başlanan we ilkinji rеlsleri Krasnowodsk galasyndan, takmynan, 190 kilometr günorta-gündogarda düşelen Zakaspi demir ýolunyň gurluşygy bilen bagly maglumatlar getirilýär.

Ýurdumyzyň taryhynda yz galdyran ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hususan-da, watançy şahyr Şaly Kekilowyň we ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, arheolog Hemra Ýusupowyň, alym-antropolog Orazmuhammet Babakowyň, ýazyjy, şahyr, dramaturg, žurnalist Hojanepes Çaryýewiň, bagşy Magtymguly Garlyýewiň, suratkeş, nakgaş we grafik Ýuliýa Daneşwaryň we başgalaryň ömrüne, döredijiligine bagyşlanan makalalar okyjylarda uly gyzyklanma döreder.

Žurnaldaky makalalaryň her biri ýurdumyzyň taryhyndan gyzykly maglumatlary öz içine alýar. Materiallaryň awtorlary neşirde getirilen takyk maglumatlara salgylanýarlar. Şeýlelikde, neşirde çap edilen maglumatlar giň okyjylar köpçüliginde, aýratyn-da, taryhçylarda, mugallymlarda we ylmy işgärlerde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, şeýle hem iş önümçilik we arhiw gulluklarynyň işgärlerinde uly gyzyklanma döreder.

Žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli fotoresminamalaryň baý mazmunly toplumy hem ýerleşdirildi.