Häzirki zaman Hytaýyň ykdysady we tehnologik ösüş modeli diňe bir senagat kuwwaty bilen däl, eýsem, köpasyrlyk medeni mirasyň we sanly innowasiýalaryň arasynda döredilen synmaz sazlaşyk bilen tapawutlanýar. Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň Szýansu welaýatynyň iň iri senagat we medeni merkezleriniň biri bolan Usi şäherinde hem-de onuň töweregindäki sebitlerde geçirilen halkara köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň gezelenji muny aýdyň subut etdi.
Üç günüň dowamynda, ýagny 28 – 30-njy oktýabry aralygynda halkara žurnalistler topary welaýatyň sanly ykdysadyýetiniň, durnukly syýahatçylygyň, ýokary tehnologiýalaryň we milli senetçiligiň ösüş derejesi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Çärä gatnaşýan halkara žurnaalistleriň arasynda türkmen metbugatynyň wekiliniň hem bolmagy Türkmenistanyň Hytaý bilen gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň häzirki günlerde hem üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Çäreleriň ilkinji güni Binhu etrabynda ýerleşýän Taýhu kölüniň özüne çekiji tebigatynyň boýunda ýerleşýän «Baýşili» welosiped hyzmat ediş nokadyna baryp görmek bilen başlandy. Öňki ulanyşdan galan senagat binasynyň binagärlik binýadynda bina edilen bu merkez köpugurly edara hökmünde syýahatçylygy, dynç alşy we işewürlik işjeňligini özünde jemleýär. Bu bolsa sebitde «ýaşyl ykdysadyýeti» hem-de ekologik ulag düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň nusgasydyr.
Soňra gezelenç Fantýanyň gül meýdanyndaky «Nýanhua Sýuýuan» diýlip atlandyrylan dabaraly çäre bilen dowam etdi. Tan döwrüniň şahyry Wan Weýiň döredijiligine bagyşlanan bu dabarada onuň şygryýeti uçarmansyz uçarlaryň (dronlaryň) şowhuny, sanly tehnologiýalary bilen birleşip, gadymy mirasyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly ussatlyk bilen wagyz edilişini görkezdi.
Gezelenjiň ikinji güni sanly transformasiýa we innowasion önümçilik meselelerine bagyşlandy. Hueýşan etrabynda ýerleşýän «Puin – maglumat tehnologiýalary» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň işi bilen tanyşlyk metbugat wekillerinde uly täsir galdyrdy. Emeli aň we emeli aň algoritmleri üçin standartlaşdyrylan maglumat binýadyny döretmek boýunça bu kärhanada alnyp barylýan işler Hytaýyň global sanly ykdysadyýetdäki eýeleýän ornuny tassyklaýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy hem-de robototehnologiýalaryň önümçilige girizilmegi sebitiň senagat kuwwatynyň esasy hereketlendiriji güýjüdir.
Günüň ikinji ýarymynda žurnalistler Szýanýin şäherindäki «Sýuý Sýake Syýahaty» mowzuklaýyn parkyna baryp gördüler. Beýik geograf we barlagçy Sýuý Sýakeniň taryhy mirasyny dikeltmek arkaly döredilen bu meýdança alymyň taryhy ýatkeşligini we ylmy gözleg ruhuny ýaş nesillere ýetirmekde möhüm durmuş-syýasy ähmiýete eýedir.
Maksatnamanyň dowamy Isin şäheriniň keramika fabrikasynyň ussahanasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi. Ikinji keramika zawodynda ýerleşýän «Szyşa» palçyk önümleri ussahanasynda milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we ony nesilden-nesle geçirmek boýunça amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary görkezildi.
30-njy oktýabrda – saparyň jemleýji gününde halkara žurnalistler topary üçin Hytaýyň milli syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Hueýşan gadymy şäherine gezelenç guraldy. Beýik Pekin-Hançžou kanalynyň boýunda ýerleşýän bu gadymy şäher açyk asman astyndaky taryhy muzeý bolup, döwlet tarapyndan goralýan köpsanly binagärlik we medeni ýadygärlikleri özünde jemleýär.
Sapar «Zatlaryň Interneti 2026» Bütindünýä sergisiniň pawilýonlaryna baryp görmek bilen jemlendi. Usi halkara maslahat merkezinde we Taýhu sergi merkezinde geçirilen bu halkara çäre «Ähli zatlaryň akylly ösüşi – geljegi bilelikde döretmek» şygary astynda sebitiň innowasion ösüşini dünýä äşgär edýär.
Usi şäherine geçirilen bu halkara metbugat gezelenji sebitiň köptaraply ösüş strategiýasyny aýdyň açyp görkezdi. Taryhy medeni mirasa sarpa goýmak, ekologik syýahatçylygy ösdürmek we ýokary sanly tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly Hytaý özüniň durnukly geljek baradaky syýasy hem-de ykdysady ösüşiniň modelini üstünlikli durmuşa geçirýär.




