Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 109
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň IV parlamentara forumyna gatnaşmak üçin golaýda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda Türkmenistan bilen dostlukly ýurduň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ulag-üstaşyr ulgamlarda we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, olary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär, makroykdysady durnuklylyk üpjün edilýär hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, döwrebap önümçilik we durmuş maksatly binalar, desgalar gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär.

Şeýle hem zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy we daşary ykdysady işi ösdürmek, toplumyň edaralarynda sanly hyzmatlary we döwrebap sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ösdürmek we býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan bu ugurda, hususan-da, Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäklerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen işler alnyp barylýar. Munuň özi önümçilik işlerinde daşky gurşawy aýawly saklamakda anyk çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we wise-premýere nebitgaz toplumynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi möwsümi dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalýan hasyly harmanhanalarda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, bugdaý ekişini geçirmek, pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ählihalk bag ekmek dabarasyna, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Balkan welaýatynyň sarp edijilerini hem-de welaýatyň çäginde ýerleşýän nebit ýataklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, energetika pudagy tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektrik energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler görkeziler. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini we bu ugurda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanan halkara sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleriň, şol sanda türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň, aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça halkara internet olimpiadalarynyň, Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we çagalar sungat mekdeplerinde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly aýdym-sazly festiwalyň, şeýle hem halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan döredijilik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň, Ýewropanyň medeniýet günleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalar, dünýä ýurtlary, aýratyn hem Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2011 — 2026-njy ýyllar aralygynda Germaniýada we Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça köp sanly forumlar geçirildi hem-de olarda iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurtlaryň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, nobatdaky forumy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, rewmatologiýanyň we neýrohirurgiýanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, dünýä döwletleriniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny sanly ulgam arkaly geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde bu sammite gatnaşyp, ýokary derejeli duşuşykda Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde bu guramanyň işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belläp geçdi hem-de türki döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny we anyk tekliplerini beýan etdi.

Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy hem geçirildi. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, medeniýet, ylym, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Saparyň dowamynda möhüm dabaralaryň geçirilmegi onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimize Türkiýäniň Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory akademiki derejesi berildi. Bu belent at döwlet Baştutanymyzyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerine berlen ýokary bahadyr. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.

Saparyň dowamynda Ankara şäherinde Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde türki halklaryň taryhy-medeni mirasyny we milli gymmatlyklaryny beýan edýän ak öýler, şol sanda türkmen halkynyň milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan türkmeniň ak öýi hem-de milli buýsanjymyz hasaplanýan ahalteke bedewiniň heýkeli ýerleşdirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň üstünlikli geçmegi, onuň dowamynda gazanylan möhüm netijeler we döwlet Baştutanymyza gowşurylan ýokary sylaglar mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabaty dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy ösdürmek, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik we parahatçylykly ýollar arkaly çözmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hukugyň ähmiýetini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm netijesidir.

Bu Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin kabul edilen çäreleriň meýilnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda «2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» taslamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany amala aşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna we kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.