Ï «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara

view-icon 99

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmekde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň täze önümçiliklerini döretmekde hem-de hereket edýän kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň we ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar we önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Aşgabat şäherinde bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumlaryny görkezmek bolar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek maksady bilen, ýakynda Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa merkezi we Stomatologiýa merkezi, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumy dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen birlikde, ilatyň saglygyny goramak barada döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde 4 müň 500 öýli täze döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem ýurdumyzyň depginli ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Häzirki zaman gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bina edilmegi göz öňünde tutulýan bu şäherçe ilat üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmäge we sebitleriň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň nobatdaky mysalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň ýokary derejä göterilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň rowaç alýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz çalt depginlerde ösýär. Eziz Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy şäheriň binagärlik keşbini gözelleşdirmek, ýaşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek we onuň döwrebap şäher hökmünde ornuny pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kemala gelen, täze eýýamyň köpugurly ösüşini özünde jemleýän bu döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Häzirki döwürde eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyz innowasion senagat önümçiligini ösdürmek ýoly bilen ynamly öňe barýar. Senagat pudagyny düýpli kämilleşdirmek, ýerli çig mallardan ekologiýa taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi hem-de paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde döwrebap çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň ulanmaga berilmegi bu ugurda gazanylan möhüm üstünliklerdir. Şeýle önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmaga, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ulgama uly maýa goýumlar gönükdirilýär hem-de munuň üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mineral dökünleri öndürmegiň giň gerimde alnyp barylmagy we olaryň görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň agrar pudagynyň mineral dökünlere bolan islegini öz güýjümiz bilen doly kanagatlandyrmaga şert döredýär hem-de olaryň daşary ýurtlara eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, kuwwatly kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi diňe bir himiýa senagatynyň däl, eýsem, tutuş senagat pudagynyň ösdürilmegine uly itergi berýär.

Ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyny ýokary depginde ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu işler şäherleriň we obalaryň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini pugtalandyrmaga, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşini goldamaga we elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda täze awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurulmagy, ýol-ulag düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir. Şeýle taslamalar ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri öwrenmekde, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuşy, gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.