Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz diplomaty mähirli mübärekläp, goňşy ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Seýed Abbas Arakçiniň şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy ýurtlar bilen dostluga, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklary asyrlara uzap gidýän taryhy we medeni köklerden gözbaş alýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşandygyny belläp, bu saparyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi.
Öz nobatynda, Seýed Abbas Arakçi Awazada geçirilen giň möçberli çäreleriň möhüm ähmiýetini belläp, olaryň netijeleriniň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Halklarymyzy taryhy, medeni we ruhy ýakynlyga esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurdumyz hyzmatdaşlygyň bu möhüm ugruna aýratyn üns berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi iki doganlyk döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.