Ï Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

view-icon 146
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor» derejesiniň berilmegi, şeýle hem Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan «Strategik dostluk» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Dabaraly çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem türki dünýäniň döwletleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidentine Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor» derejesiniň we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan «Strategik dostluk» nyşanynyň berilmeginiň döwlet Baştutanynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmegidigi bellenildi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebejiniň çykyşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem doganlyk halklaryň dostlugynyň nyşany hökmünde täze Türki döwletleriniň medeniýet seýilgähiniň açylmagyna aýratyn üns çekildi.

Maslahata gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygynyň gazanylan derejesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, degişli edaralaryň we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

Dabaraly ýygnagyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Onda Hajettepe uniwersiteti tarapyndan hormatly derejäniň berilmegi we DEİK tarapyndan «Strategik dostluk» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyk we gutlaglar beýan edildi.