Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 15
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, şol sanda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly “Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 8-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 48-si geçirildi. Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 105-sine gatnaşyldy. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 24-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,5 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 118,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, kerosin öndürmegiň meýilnamasy 105,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 109,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, şeýle hem nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 111,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 107,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 107,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 122,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 126,4 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 121,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 149,2 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, şeýle hem pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy, şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 118,8 göterim berjaý edildi.

Öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 102,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132 göterim, Energetika ministrligi boýunça 103,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,5 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 122,9 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, himiýa kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, elektrik energiýasyny öndürmek, şeýle-de awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterim ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji nah ýüplügiň önümçiliginde 103,4 göterime, nah matalarda 101,7 göterime, tikin we trikotaž önümlerinde 103,6 göterime, gön önümlerinde 100,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 106 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 146,4 göterime, 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 22 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy. Söwda-haryt dolanyşygynda 110,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek işlerini dowam etmegi hem-de hususy pudagy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, maslahatlar hem-de wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň çäklerinde GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisi, «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry, telewideniýe we kino sungatyndaky üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty, «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, şeýle hem medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti ýokary derejede geçirildi. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda daşary ýurtlaryň tanymal estrada aýdymçylarynyň gatnaşmaklarynda konsert geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Ene – tebigat» atly halkara sergi öz işine başlady. Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ajaýyp Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly nakgaş eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi açyldy.

Ýurdumyzyň döredijilik toparlary, mugallymlary we talyp ýaşlary Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna, Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň ýaşlar Delfi oýunlaryna, gurjak teatrlarynyň «Çodary haýol» atly VIII halkara festiwalyna, Özbegistanyň Andijan şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalyna, Gazagystanyň Atyrau şäherinde geçirilen «Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we dürli sylaglara, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Meşhur sungat ussatlarymyz Gazagystan Respublikasynyň II derejeli «Dostluk» ordeni bilen sylaglandylar.

Şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça işleri alyp barmagyň, şeýle hem taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1039 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 10-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 15-si geçirildi.

Ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmäge, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga gönükdirilen işler dowam etdirildi. Bu döwürde okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, maksatnamalaryň 666-sy makullanyldy. Hasabat döwründe türkmen wekiliýeti birnäçe halkara forumlara hem-de ylmy maslahatlara gatnaşdy.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, ýetilen sepgitleri halkara derejede ykrar etmek boýunça işler alnyp baryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli lukmançylyk operasiýalary we bejergiler amala aşyryldy.

10 — 12-nji oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumy, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň 40-syna döwlet sylaglary gowşuryldy hem-de hormatly atlar dakyldy.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 179 altyn, 188 kümüş, 223 bürünç medal gazandylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi, şeýle hem sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň on aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň on aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana, Koreýa Respublikasyna, Ermenistana we Türkiýä saparlary amala aşyrdy.

2026-njy ýylyň 8-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri we Ermenistanyň Premýer-ministri ýurdumyza sapar bilen geldiler. Şeýle hem şu ýylyň 22-nji maýynda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň 7 döwletiniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 718 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan 1189 wekiliýet daşary ýurtlarda saparda boldy.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 385-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1971 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri 219 halkara resminama baglaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 30 ýurduň daşary syýasat edaralary bilen syýasy geňeşmeleri geçirdi.

Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 14 döwletiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary bellenildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň 4 sany ilçisi, şeýle hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere, Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 101,9 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 114,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,3 göterime deň boldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 101,4 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,1 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça geçirilýän zerur işleri, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy dowam etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

“Jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini bellemek isleýärin. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.