Ï Türkmenistanyň dokumental mirasy ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dokumental mirasy ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi

view-icon 303
Türkmenistanyň dokumental mirasy ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi

2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Baş assambleýasy we halkara maslahaty geçirilýär.

Çäräniň esasy guramaçysy hökmünde Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi (ANRI) çykyş edýär. Çäre ÝUNESKO-nyň işleri barada Koreýa Respublikasynyň we Indoneziýanyň Milli toparlary, şeýle hem Koreýanyň Medeni miras gullugy bilen bilelikde guralýar.

Halkara maslahatyň esasy temasy «Suw dünýäsi: deňiz çarwalary, dokumental miras we Dünýäniň hakydasy» diýlip atlandyrylýar. Onda, esasan, Günorta-Gündogar Aziýanyň deňiz çarwalarynyň jemgyýetleriniň medeniýetine, taryhyna we mirasynyň gorap saklanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Forumyň açylyş dabarasynda Indoneziýanyň medeniýet ministri Fadli Zon hem-de ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit komitetiniň (MOWCAP) başlygy Kwibe Kim gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler.

Bu iri halkara çäresinde ýurdumyza ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri wekilçilik edýärler.

Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit sanawy (MOWCAP) dokumental mirasyň 21 sany täsin nusgasy bilen baýlaşdyryldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň hödürlän «Abu Ishak Ybraýym ibn Adhamyň ömri we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» atly hödürnamasy hem bar. Bu hödürnama eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy we abraýly sebitleýin sanawa girizildi. Şeýlelikde, ol ýurdumyzyň dokumental mirasynyň bu sebit sanawyna girizilen ilkinji nusgasy boldy.

Halkara maslahatyň çäklerinde birnäçe halkara ähtnamalaryna gol çekmek dabarasy hem geçirildi. Mundan başga-da, Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwiniň sergi zallarynda sebitiň deňiz siwilizasiýalarynyň taryhyny şöhlelendirýän arhiw resminamalarynyň, golýazmalaryň, fotosuratlaryň we kinomateriallaryň tematiki sergisi açyldy.