2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu maslahata işjeň gatnaşýandygyny nygtadylar.
Diplomatlar sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.