Ï BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi

view-icon 158
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ministri Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada Jarnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory, ÝUNISEF-niň “COP31” maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy — III tapgyrynyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin Ylalaşyk; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Energetika ministrlikleri bilen bilelikde «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynda energiýa geçişini goldamak» atly taslama resminamasy; Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO); Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.