Ï Türkmenistanyň wekiliýeti altynnjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti altynnjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy

view-icon 460

Türkmenistanyň müftisi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 8-11-nji noýabry aralygynda Jidde şäherinde geçirilýän Altynjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Maslahatyň dowamynda 2027-nji ýylyň haj möwsümine täze hyzmatlary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag, myhmanhana üpjünçiligi we zyýaratçylaryň howpsuzlygy hem-de olara amatly şertleri döretmek barada pikir alşyldy.

Bu çäräniň çäklerinde 10-njy noýabrda Türkmenistanyň müftisi R.Gurbanmyradow Saud Arabystanyň Haj we Umra işleri ministriniň orunbasary doktor Abdulfattah bin Suleýman Maşad bilen duşuşdy. Onda 2027-nji ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyna iberilişini guramak bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Soňra R.Gurbanmyradow Haj we Umra işleri ministri doktor Tawfik bin Fawzan Al-Rabiah bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda haj möwsüminde zyýaratçylaryň haj parzlaryny berjaý etmegi bilen bagly meselelere seredildi.