Ï Türkmen samboçylarynyň Özbegistandaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen samboçylarynyň Özbegistandaky üstünligi

view-icon 48
Türkmen samboçylarynyň Özbegistandaky üstünligi
camera-icon
Halkara sambo federasiýasy

Türkmen samboçylary Daşkent şäherinde tamamlanan sambo boýunça 50-nji ýubileý dünýä çempionatynda 4 medal gazanmagy başardylar. Özbegistanda geçirilen iri halkara ýaryşyna dünýäniň 101 döwletinden 508 türgen gatnaşyp, üç günüň dowamynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy, söweş sambosy hem-de batyl türgenler üçin sambo görnüşleri boýunça 33 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. Jemi baýrak gaznasy 363 müň amerikan dollaryna deň bolan bu çempionatda taryhy waka hem hasaba alyndy. Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda ilkinji gezek batyl türgenler üçin sambo boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar (SVI1 synpynda) maksatnama girizildi. Bu bolsa guramanyň sportda hemmeler üçin deň mümkinçilikleri döretmek we inklýuziwligi ösdürmek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gazanan dört medalynyň ählisi söweş sambosy boýunça bolup, türgenlerimiz iki altyn we iki bürünç medala eýe boldular. Çempionatyň düzgünnamasyna laýyklykda, altyn medal eýelerine 4 müň, kümüş medal eýelerine 3 müň, bürünç medal eýelerine bolsa 2 müň ABŞ dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Ýaryşyň ilkinji gününde Daşoguz welaýatyndan, halkara derejeli sport ussady, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Sanjarbek Öwezberdiýew dünýä çempiony boldy. Ol 18 türgeniň çykyş eden 64 kilograma çenli agram derejesinde ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy.

Ýaryşyň ikinji gününde bolsa milli ýygyndymyzyň gaznasyna ýene bir altyn medaly 28 ýaşly halkara derejeli sport ussady Muminjan Arzykulow goşdy. Ol 71 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 27 türgeniň arasynda ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy. M.Arzykulow sportdaky işjeň çykyşlaryny tälimçilik işi bilen hem utgaşdyrýar. Ol Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň Köýtendag etrabynyň Garlyk obasyndaky 5-nji sport mekdebinde tälimçi bolup zähmet çekýär.

Dünýä çempionatynyň bürünç medallaryna bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Ahmet Taňryberdiýew hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Gurbanaý Gurbаnowa mynasyp boldular.

Halkara derejeli sport ussady Ahmet Taňryberdiýew 16 türgeniň gatnaşan 58 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol ilkinji tutluşygynda ukrainaly, 2026-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Wladislaw Kyrylýukdan 4:0 hasabynda ynamly üstün çykdy. Ikinji tutluşykda bolsa Ermenistanyň wekili, Dünýä kubogynyň we 2026-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň iki gezek medal gazanan türgeni Narek Gogiýany 9:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym finalda mongoliýaly üç gezek dünýä çempiony Baýanduuren Gantumur bilen duşuşan ildeşimiz 0:5 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, Ahmet Taňryberdiýew karýerasynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ýatlap geçsek, türgeniň gazananlarynyň arasynda 2025-nji ýylda Täjigistanda geçirilen Dünýä kubogynyň altyn medaly hem-de 2026-njy ýylda Ermenistanda geçirilen Dünýä kubogynyň kümüş medaly bar.

21 ýaşly sport ussady Gurbanaý Gurbanowa bolsa 10 türgeniň gatnaşan 50 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi. Ol ukrainaly Ýuliýa Zasulskiden 10:1 hasabynda üstün çykdy. Ýarym finalda gazagystanly kümüş medalyň eýesi Žadyra Paýyzdan asgyn geldi we netijede dünýä çempionatyndaky ilkinji medalyny gazandy. Şeýle hem Gurbanaý şu ýylyň dowamynda Ýerewanda geçirilen Dünýä kubogynda kümüş medala mynasyp bolupdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň halkara ýaryşlardaky netijeleriniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen ýyl Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen samboçylary 5 kümüş we 3 bürünç medal gazanypdylar. Şu ýyl bolsa 2 altyn we 2 bürünç medal bilen üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä derejesinde has-da belende göterdiler.