Şu gün Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmen-hindi maglumatlar tehnologiýasy merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Hindistan Respublikasynyň aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy döwlet ministri jenap Saçin Paýlotyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.
Mälim bolşy ýaly, ylym pudagynda giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, dünýäniň ylym we bilim merkezleri bilen ýygjam aragatnaşygyň ýola goýulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym we bilim ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda 2010-njy ýylyň fewralynda gol çekilen Aşgabatda türkmen-hindi maglumatlar tehnologiýasy merkezini döretmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen täze bilim merkeziniň döredilmegi türkmen döwletiniň ylym-bilim strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky tapgyry boldy.
Merkeziň açylyş dabarasynda jenap Saçin Paýlotyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Hindistan gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bir bitewi taryhy hem-de medeni kökler, dostlugyň bozulmaz däpleri, birek-birege düşünişmek we ynanyşmak arkaly baglanyşýar. Häzirki döwürde türkmen-hindi gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürilip hil taýdan täze derejä çykýar. Häzirki zaman maglumatlar tehnologiýasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Hindistan uly üstünlikler gazandy we täze işläp taýýarlamalar ulgamynda Türkmenistan bilen işjeň aragatnaşygy ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga taýýardyr diýip, myhman belledi. Jenap Saçin Paýlot bu merkeziň özara peýdaly hem-de köp ugurly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen-hindi merkeziniň esasy wezipesi maglumatlar tehnologiýasy, hususan-da, kompýuter maksatnamasy ulgamy boýunça ýokary hünärli, dünýä derejesine laýyk gelýän işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Hünärmenleri taýýarlamak döwri üç tapgyry, ýagny binýatlaýyn, orta we kämillik döwürlerini öz içine alýar. Onda Hindistanyň taslama maglumat-tehniki goldawy berýän öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary “C-DAC” kompaniýasynyň binýadynda ýörite taýýarlygy geçen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary sapak bererler.
Türkmen-hindi maglumatlar tehnologiýasy merkezinde diňleýjileriň sapaklary oňat özleşdirmegi üçin ähli zerur şertleri döredildi. Onuň ygtyýarynda häzikri zaman kompýuter tilsimatlary bilen üpjün edilen birnäçe okuw otaglary, maslahatlar zaly, ugurdaş bilim boýunça örän köp sanly kitaplary, gollanmalary özünde jemleýän kitaphana bar. Bu ýerde döredilen häzirki zaman tehniki üpjünçilik merkeziň diňleýjilerine özleriniň hindi kärdeşleri bilen bilelikdäki wideoşekilli maslahatlary geçirmäge we okuw maglumatlaryny alyşmaga mümkinçilik berer.
Hindistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda duşuşyklar geçirdi. Onuň barşynda özara peýdaly gumanitar ulgamdaky türkmen-hindi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk meselelerine seredildi.