Şu gün türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy şeýh Ahmad Al Fahad Al-Sabahyň başlyklyk etmeginde AOG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 60-njy ýygnagy geçirildi.
Ol mejlisi açyp, ýygnananlaryň adyndan we öz adyndan ak mermerli Aşgabatda maslahatyň düýpli we netijeli işlemegine döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hökümetine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Aziýa yklymynda möhüm ähmiete eýe bolan bu çäräniň özüniň paýhasly milli Lideriniň ýolbaşçylygy astynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde uly ösüşler gazanan garaşsyz Türkmenistanyň 20 ýyllyk ýubileýiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýändigi örän ähmiýetlidir diip, AOG-nyň ýolbaşçysy belledi.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlag haatyny uly üns berip diňlediler. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň üstünlikli işlemegini arzuw etdi we dünýäniň ähli döwletleriniň abadançylygynyň bähbidine halkara Olimpiýa hereketiniň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
“Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň, Aziýa Oýunlarynyň guramaçylyk komitetlerinden we sport-jemgyýetçilik edaralaryndan 70-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnak hem Türkmenistanyň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň güwänamasydyr” diýlip, türkmen Lideriniň gutlagynda bellenilýär.
Maslahatyň işiniň barşynda Aziýa yklymynda Olimpiýa hereketiniň iňňän wajyp meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, AOG-nyň hereket edýän komitetleriniň ýolbaşçylarynyň geçen döwürdäki işiniň jemleri we sport boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri baradaky hasabatlary diňlenildi, Aziýa sebitiniň dürli ýurtlarynda Olimpiýa hereketiniň ösüşini mundan beýläk-de höweslendirmäge gönükdirilen käbir çözgütler kabul edildi. AOG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary IV Aziýa Oýunlaryna we 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Ol Koreýa Respulikasynyň Inçhon şäherinde 2013-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriler.
Söweş sungaty boýunça ýapyk binlarda geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy forumyň gün tertibiniň ähmiýetli tapgyryna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, OAG-nyň 2017-nji ýylda bu oýunlaryň Aşgabatda geçirilmegine ynam bildirdi. Şunuň bilen laglylykda maslahata gatnaşyjylara Türkmenistan hakynda wideofilm görkezildi we Merkezi Aziýa sebitinde iri Olimpiýa şäherjiginiň gurluşgy hakynda anyk maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly, Olimpiýa şäherjigi Aziýada-2017-iň oýunlarynyň geçirilýän ýerine örüler.
Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi her ýylda iki gezek Ýerine ýetiriji komitetiň ýygnagyny we bir gezek AOG-nyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň 45-siniň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Baş Assambleýany geçirýär.
AOG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynyň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabat şäheriniň eýýäm ikinji gezek biragyzdan seçilip alynmagy Aziýada Olimpiýa hereketiniň ösmeginde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornunyň ykrar edilýändiginiň alamatydyr. Milletiň saglygyny, halkyň beden we ruhy taýdan ösüşini ileri tutulýan wezipeler hökmünde yglan eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty arkaly örän gysga möhletlerde ýurdumyzda dünýä derejesine laýyk gelýän sport desgalary bina edildi.
Türkmenistanda we tutuş Aziýa yklymynda sporty hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin 2009-njy ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Hormat ordeni bilen sylaglandy. Foruma gatnaşyjylar Aziýada-2017-ä taýýarlyk işleri boýunça Türkmenistanda ägirt uly çäreleriň durmuşa geçirilýändigine ýokary baha berdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutany, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Olimpiýa sport hereketi ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň mundun beýläk-de pugtalandyrylmagy uly goşant boljak bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesine we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin tagalla edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.