Türkmen paýtagtynda saparda bolýan Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň wekiliýetiniň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin uly geňeşçisi jenap Euhenio Ambroziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň wekilleri türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan we döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan oňyn özgertmelere aýratyn orun berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden eden üstünlikli çykyşy türkmen Lideriniň halkara başlangyçlarynyň örän derwaýysdygynyň, olaryň sebiti we bütin dünýäni parahatçylykly hem-de sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigi bellenildi. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Müdiriýeti bilen bilelikde bosgunlary we raýatlary bolmadyk adamlary raýatlara kabul etmek boýunça Türkmenistanyň tejribesi bilen tanyşmak babatda işleri geçirmek hem-de şu maksatlar bilen 2012-nji ýylda Aşgabatda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda Halkara duşuşygyny guramak barada öňe süren teklibiniň wajypdygy nygtaldy.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda wekilçilikli halkara guramasynyň wekiliýetiniň agzalary bu ulgamda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidiklerini beýan etdiler.