Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

view-icon 685
Şu gün BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň /UNODC/ ştab-kwartirasynyň wekili hanym Miwa Katonyň ýoşlbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu wekiliýet şu günler türkmen paýtagtynda saparda bolýar.

Düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenstanyň we UNODC-yň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugry boýunça, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän bilelikdäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde özüniň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat garaýyşlaryny nobatdaky gezek beýan edip, parahatçylykly we howpsuz ösüşiň strategiýasyny ýene-de bir gezek dünýä jemgyýetçiligine teklip etdi. “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen ýörelge şol strategiýanyň esasy şygaryna öwrüldi.

Duşuşygyň barşynda UNODC-yň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, şeýle hem dünýäde parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýan beýleki wehimlere garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen türkmen döwletiniň ägirt uly tagallalarynyň giňden ykrar edilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň birnäçe degişli ylalaşyklaryna we konwensiýalaryna gatnaşmak bilen, şeýle hem BMG-niň köp sanly abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri baradaky komissiýasynyň agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.

BMG-niň abraýly edarasynyň wekili UNODC-yň türkmen Lideriniň häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy durmak baradaky parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny dolulygyna goldaýandygyny belläp, sebitiň we bütin dünýäniň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

UNODC-yň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynda hem duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.