Şu gün Çehiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň bilim, ylym, medeniýet, adam hukuklary we petisiýalar boýunça komitetiniň Başlygy jenap Ýaromir Ýermaryň ýolbaşçylygynda şu günler türkmen paýtagtynda bolýan wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Ýurdumyzyň milli parlamentindäki duşuşygyň çäklerinde iki taraplaýyn özara arkalaşykly hereket etmek hem-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gepleşigiň çäklerinde öňden bäri dowam edýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzykly pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm jähetleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň maksatlary we şol maksatnamalarda öňde goýlan wezipeler bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Medeni-gumanitar ugur, şol sanda bilim we ylym boýunça hyzmatdaşlyga degişli meseleler aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara gatnaşyklary boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Çehiýanyň parlamentiniň wekili halkara derejesinde geljege uly umyt bildirilýän we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maksat edinýändigini aýdyp, öz urdunyň iki taraplaýyn netijeli gepleşigiň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şol duşuşygyň barşynda myhmanlar Çehiýada ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýän türkmen döwletiniň netijeli, parahatçylyk dörediji daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini we oňlanýandygyny bellediler.
Myhmanlar türkmen paýtagtyna saparynyň barşynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Medeniýet ministrliginde, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem kabul edildi.
Göz öňünde tutulan medeni çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde dostlukly ýurduň parlamentarileri Aşgabatdaky we onuň daş-töweregindäki gözel künjekler bilen tanyşdylar hem-de ýurdumyzyň muzeýleriniň we taryhy-arheologik ýadygärlikleriň birnäçesine baryp gördüler.