Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Aşgabatdaky Sebit merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady kommisiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýan Kubişiň ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyşygyň barşynda türkmen žurnalistler BMG-niň Baş serkretary Pan Gi Munuň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybentli garaşsyz bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen ýörite gutlag haty bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowa ,
Siziň Alyhezretiňiz ,
Men Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny hem-de halkyny siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli gutlaýandygyma örän şatdyryn.
Türkmenistanyň baý taryhy, däp-dessurlary we medeniýeti müňýyllyklary öz içine alýar. Şol döwrüň dowamynda türkmen halky pajygaly pursatlarda hem, hususan-da, 1948-nji ýylda bolan heläkçilikli ýertitremesi mahalynda gaýratlylyk hem-de durnuklylyk görkezdi.
Siziň ýurduňyz 1991-nji ýylda özygtyýarlylygyny yglan etdi. Şondan bäri Türkmenistan belent sepgitlere etdi. Geljek ýyl biz ýene-de bir baýramy: Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny belläris.
Geçen iki onýyllygynyň dowamynda Türkmenistan guramanyň möhüm hem-de ähmiýetli agzasyna öwrüldi. Ýurtda BMG-niň düzümleri, maksatnamalary we gaznalary işjeň hereket edýär. 2000-njy ýyldan bäri Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýerleşýär. Geçen ýyl Türkmenistanda saparda bolanymda, ýurtda bu merkeziň, şeýle hem BMG-niň beýleki işgärleriniň işi mende uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň 1995-njy ýylda BMG-niň Bas Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesini kabul etmek hakyndaky çözgüdi ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çägini giňeldýändigine hem-de özüniň daşary syýasatynda dawa-jeňjellerden daşda durýandygyna we harby güýçleri çäklendirýändigine şaýatlyk etdi. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň öňe ilerlemegine ýardam etdi. Türkmenistanyň goňşy Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga gönükdirilen tapgyrlara beren goldawy hem uly ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, Türkmenistan geljek-de sebit we halkara hyzmatdaşlygyna ýardam edip biljek energetika howpsuzlygy, ýaragsyzlanmak hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär.
Şeýle hem men Türkmenistanyň hakyky demokratik jemgyýeti gurmak baradaky meýillerini goldaýaryn. Şonda ýurtdaky gülläp ösüş her bir adamyň hukugynyň we azatlygynyň derejesi bilen ölçelýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli men ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna röwşen, bolelin hem-de demokratik geljegi arzuw edýärin we biziň ysnaşykly hyzmatdaşlygymyzyň uzak ýyllar dowam etjekdigine ynanýaryn.
Pan Gi Mun,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary

* * *