Ï BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebit wekiliniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebit wekiliniň sapary

view-icon 702
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen paýtagtynda saparda bolýan Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýadaky sebit wekili jenap Saber Azam bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen BMG-niň düzüm birliginiň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissaryň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, bosgunlary goramagy we goldamagy maksat edinýän çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge işjeň ýardam edýär.

BMG-niň BÝKM-niň Sebit wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş işinde parahatçylygy üpjün etmek baradaky ençeme gezek ýaňlanan oňyn baglangyçlaryna, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bolup geçen hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan uly möçberli özgertmelere oňyn baha berip, öz guramasynyň BMG-niň Adam hukuklary babatdaky konwensiýasyny mundan beýläk-de ýerine ýetirmek maksady bilen, öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şu jähetden kanunçylyk-hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçilikleri babatda gyzyklanylyp pikir alşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde belleýşi ýaly, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek gumanitar häsiýetli meseleleri çözmek, adamyň tebigy hukuklaryny, şahsyýetiň özüni doly açyp görkezmek mümkinçiliklerini, adamlaryň mynasyp durmuşa ymtylmagyny goldamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Biziň ýurdumyz bu meselede halkara guramalary bilen, şol sanda BMG-nyň gumanitar düzümleri bilen hyzmatdaşlyga uly üns berip, milli hukuk ulanyş iş tejribesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin oňyn halkara tejribesini öwrenmäge ägirt uly ähmiýet berýär.

Bellenip geçilişi ýaly, adam hukuklary, şol sanda raýatlyk hukuklary babatda biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri dünýä bileleşiginde we abraýly halkara guramalarynda giňden ykrar edilmegine eýe boldy. Biziň ýurdumyzyň paýtagtynyň 2012-nji ýylda BMG-nyň Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmekde Türkmenistanyň tejribesi bilen tanyşmak boýunça halkara duşuşygynyň geçiriljek ýeri boljakdygy munuň subutnamasy boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri belläp, adamlaryň eşreti üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge isleg bildirdiler.

BMG-niň BÝKM-niň sebit wekiliniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Döwlet migrasiýa gullugynda hem duşuşyklar boldy.