Ï Türkmenistan doganlyk türk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan doganlyk türk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi

view-icon 668
Şu gün paýtagtymyzdaky halkara aeroportundan Türkiýäniň Wan welaýatynyň ýakynda bolan ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna niýetlenen ynsanperwer ýükli agyr ýük göteriji uçar Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy dokma önümlerini we uny ynsanprwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermegi bellendi.

Bir günüň dowamynda ynsanperwerlik ýüki taýýarlamak boýunça ähli zerur çäreler durmuşa geçirildi we şu gün “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýörite uçary jogapkärli hem-de asylly wezipe bilen dostlukly ýurda ugrady.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Abulla Gül bilen ýakynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde türk doganlarymyza kyn pursatda ynsanperwerlikli goldawy bermäge bolan meýlini beýan etdi. Türkiýäniň baştutany duýgudaşlyk bildirendigi hem-de zerur kömegi teklip edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize hem-de ähli türkmenistanlylara kyn gününde goldaw-hemaýat berýändigi üçin ýene bir ýola sagbolsun aýtdy.

“Kyýamat güni goňşudan” diýen halk pähimi türkmen halkynyň hoşniýetli kalbyny hem-de adamkärçilikli häsiýetini beýan edýär. Çünki türkmen halky her bir pusatda ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň iň gowy däplerine eýermek bilen milletimiziň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyk edýär. Türk halky üçin kyn pursatda doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň milli dessuryna mahsus häsiýetdir.

Aşgabatdan gelen ynsanperwelikli ýüki kabul eden Türkiýäniň resmi adamlary Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we bu kömek-goldaw häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, hoşnietli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýar diýip bellediler.