Ï Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekiliýetiniň sapary

view-icon 656
Şu gün Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň direktory jenap Iw Arnoldiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda kabul edildi. Ol türkmen paýtagtyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin geldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli kanunçylygy halkara gumanitar hukugyň esasyny düzüji ýörelgelerine gabat getirmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara gumanitar hukugy ulgamyndaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýanyň işiniň aýratyn ähmiýeti eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistan bilen bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan meýilleri bellenildi.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetinde duşuşyklar geçirildi.