Britaniýanyň Hökümetiniň Hazar sebitiniň energetika meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Angus Miller Türkmenistanda sapar bilen bolýar. Ol “Ählumumy energetiki bazarlaryň birikmegi – energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegi” amatly halkara masalahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Şu gün myhman saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we pedalanmak baradaky döwlet agentliginde, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserninde duşuşyklary geçirdi.
Şol duşuşyklarda ýangyç-energetika toplumyndaky türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň geljegi hakyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu jähetden Britaniýanyň Hökümetiniň geňeşçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan we bu pudakdaky özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, bu syýasat Beýik Britaniýanyň we tutuşlygyna alnanda Ýewropanyň işewür toparlarynyň ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan we milli ýangyç energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de energiýa geçirijileriniň dünýä bazarlaryna bolan eksport ugurlaryny giňeltmek syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan meýillerini şertlendirdi.
Şeýle hem duşuşyklaryň barşynda döwlet Baştutanymyzyň ählmumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we ýangyç energetika toplumyndaky netijeil hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýady kemala getirmek hem-de bu ugurdaky işjeň gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Şol başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman ertir Aşgabatda öz işine başlaýan wekilçilikli halkara maslahaty bu ulgamdaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge hyzmat eder diýip belledi.