Ï Türkmenistan – halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde

view-icon 803
Ýurldumyzda uly dabaralara beslenen Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk toýy we täze binalaryň açylyş dabaralary daşary ýurtlaryň metbugat sahypalarynda hem giň seslenmä eýe boldy.

Hytaýdan bize hoş habar gelip gowuşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby hytaý diline terjime edilip, neşir edildi. Bu taslama Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň we şonuň düzümine girýän Hytaý—Merkezi Aziýa dostluk jemgyýetiniň başlangyjy boýunça guralyp amala aşyryldy.


Kitap Pekin uniwersitetiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň dosenti Wan Liganyň ýolbaşçylyk etmeginde hytaý diline terjime edildi. Şeýle hem neşiri taýýarlamaga we çykarmaga adaty Hytaý medisinasynyň dermanlary boýunça Nankin uniwersitetiniň hem-de Şanhaýyň adaty ewro-aziýa-amerikan medisinasyny öwrenmek boýunça kompaniýasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen, rus, iňlis we başga-da birnäçe dillerde köpçülikleýin neşir edilen dermanlyk ösümlikleri hem-de halk lukmançylygy hakyndaky bu ajaýyp ensiklopediýa daşary ýurtlaryň millionlarça okyjylary üçin elýeterli boldy we olara adamzat medeniýetiniň, şol sanda lukmançylyk ulgamyndaky gazananlarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribeleri we dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu düýpli ylmy işi bilen hytaýly okyjylar, şol sanda dostlukly ýurduň lukmançylyk boýunça hünärmenleri, şeýle hem tebigy dermanlyk serişdelere daýanýan lukmançylygyň köp asyrlyk tejribeleri we däpleri bilen tanşyp bilerler. Munuň özi gumanitar ulgamdaky türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berer.

Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň giň seslenmesine eýe boldy.

Köp sanly daşary ýurt neşirleri üçin bu sene ýaş Garaşsyz, Bitarap döwletiň ägirt uly gazananlaryna ýene bir gezek ýüzlenmäge, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge, şeýle hem biziň Watanymyzyň köp ugurlar boýunça haýran galdyryjy üstünlikleri, ägirt uly gazananlary we rowaçlyklary bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi.

Hytaý Halk Respublikasynda iňlis hem-de hytaý dillerinde neşir edilýän halkara “LOOKWE” žurnalynyň oktýabrdaky ýörite sany tutuşlygyna ýurdumyza bagyşlanyp çykaryldy. Žurnalyň sahabyny özbaşdak döwletiň esasy binagärlik nyşany bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň suraty bezeýär. Žurnalyň giriş makalasy “Dünýäniň nazarynda: şanly 20 ýyllyk ýol” diýlip atlandyrylýar. Onda türkmen döwletiniň häzirki döwri we ýurduň ägirt uly kuwwaty, meleni-taryhy mirasy hakynda köp taraply makalalaryň uly toplumy jemlenýär.


Şol makalalar toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Şeýle hem žurnalda milli Liderimiziň “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly maksatnamalaýyn makalasy ýerleşdirilipdir. Žurnaldaky makalalar toplumynda türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady, şeýle hem gumanitar, şol sanda medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklarynyň ösdürilýändigine aýratyn üns berilýär. Özüniň hoşniýetli dosty, ygtybarly hyzmatdaşy sebitleýin we dünýä syýasatynyň köp sanly möhüm meselelerini çözmekde pikirdeşi hasaplaýan Türkmenistan bilen ýola goýýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmak HHR-iň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýlip bellenýär.

Mundan başga-da, žurnalda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň anyk görkezijileri beýan edilýär, birnäçe makalalar biziň ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerine, türkmen ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary bolan energetika senagatynyň geljekki ugurlaryna bagyşlanýar. 2009-njy ýylda ulanmaga berlen “Türkmenistan—Hytaý” gaz geçirijisi uzak möhletleýirn iki taraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezilýär. Neşirde Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň meselelerine, onuň ileri tutulýan ugurlaryna, daşary ýurt maýa goýumlaryny goramagyň döwlet usullaryna uly makala bagyşlanypdyr.

Şeýle hem žurnalda aýratyn bölüm türkmen medeniýeti, şol sanda şöhratly halylary, ahalteke bedewleri, milli sazlary, zergärçilik sungaty, türkmenleriň milli lybaslary barada gürrüň berýär.

Beýleki bir bölümde bolsa Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek, ýurduň tebigy we arheologiýa ýadygärlikleri, biziň ýurdumyzyň meşhur taryhy ýadygärlikleri we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy barada gürrüň berilýar. Şeýle hem žurnalyň okyjylary Türkmenistanyň şäherleri, olaryň taryhy we häzirki döwri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şu tapgyrda ak mermerli paýtagtymyza uly orun berlipdir.

Žurnalyň Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň ýardam bermeginde taýýarlanan ýörite goýberilişi ajaýyp suratlar bilen bezelipdir. Her makalanyň ýanynda suratlaryň goýulmagy okyjylara biziň ýurdumyz hem-de türkmen halky onuň gadymy däp-dessurlary we häzirki güni barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Öz gezeginde Türkiýäniň “Turсomoney” diýen maliýe-ykdysady žurnalynyň nobatdaky sanynyň sahabynda “Türkmenistan dünýäniň üns merkezinde” diýen makalanyň ady hem-de Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abdulla Gülüň suraty ýerleşdirilipdir. Giriş redaksion makalada täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyndaky Türkmenistan “Dünýäniň asman aýtymynda lowurdaýan ýyldyz” diýlip täsirli häsiýetlendirilýär.

Bu abraýly neşiriň makalalarynyň toplumynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň ýokarlanmagy, döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösüşi, onuň daşarky bazarda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem içerki özgertmeler hem-de üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklary bilen baglylykda beýan edilýär. Şunda ýurduň eksport bilen bagly kuwwatynyň batly depginde artdyrylýandygyna, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň sazlaşykly ösdürilýändigine we bu toplumda milliardlarça dollarlyk taslamalaryň amala aşyrylýandygyna, gurluşyk ulgamyna, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň artandygyna hem-de munuň 2005-nji ýyldan bäri 5 esse köpelendigine aýratyn üns berilýär.


Neşiriň şol sanynyň sahypalarynda çap edilen Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan bilen söhbetdeşlikde şu mesele baradaky gürrüň dowam etdirilip, ol “Türkmenistan dünýä goşulyşýar” diýlip atlandyrylýar. Doganlyk türk halkynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigine mynasyp baha berýändigi, Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýnyň beýgelmeginiň Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ýöredilmegi bilen şertlendirilendigi bellenilýär. Makalada Türkmenistanyň sebit derejesinde, Ýewraziýa kontinentinde we tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji möhüm orny eýeleýändigi hem nygtalýar.

Neşiriň sahypalarynda Türkmen döwletiniň 20 ýylda geçen ösüş ýoly seljerilýär. Suratlar bilen bezelen makalalarda ýurdumyz uly gurluşyk meýdançasy hökmünde şekillendirilýär. Türkiýäniň kompaniýalary Türkmenistanda özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Maýadarlar üçin niýetlenen makala “Türkmenistan—mümkinçilikleriň ýurdy” diýlip atlandyrylýar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça görlüp-eşidilmedik derejeli taslama barada gürrüň berýän makalalaryň okyjylarda aýratyn gyzyklanma döretjekdigine söz ýok, bu zolak ýakyn wagtda Türkýiäniň belli Antaliýa deňiz şypahanasy bilen bäsleşip biler diýlip hasaplanýar.

Makalalar Türkmenistanyň keşbi täzelenen şäherleriniň gözel künjeklerinde düşürilen suratlar bilen bezelipdir. Şunda ýurdumyzyň myhmansöýer, dostlar we goňşular, ähli täze we oňyn ýagdaýlar üçin açyk bolan, öz taryhyny aýawly garaýan we öz bagtly geljegini gurýan ýurt hökmündäki özboluşly keşbi göz öňüne gelýär.

Şeýlelikde, biz öz doganlarymyzyň we pikirdeşlerimiziň uly toplumy bilen ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda şanly senäniň ýene birini belledik. Ol milli taryhymyza beýik özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýolunda täze tapgyr bolup girer.