Halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapynyň başlygy jenap Ronald Neşiň saparynyň çäklerinde şu gün ýurdumyzyň hökümetinde hem-de birnäçe ministrliklerinde we edaralarynda duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň dürli ugurlaryna, şeýle hem üstünlikli ösýän türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Jenap Ronald Neşiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty we ykdysady ösüşi döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Duşuşyga gatnaşanlar hyzmatdaşlygyň depginlerine kanagatlanma bildirip, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda bir pikire geldiler.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgamy, ulag we aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegi, täze tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy, syýahatçylyk we beýleki pudaklar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýy we daşary yurt kompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertler döredildi diýlip bellenildi. Britan kompaniýalarynyň köpüsi birnäçe taslamalary, şol sanda nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, bank ulgamynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak bilen Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary bolup durýarlar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Ronald Neş Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly, çalt ösýän türkmen bazaryna, şeýle hem milli we halkara ähmiýetli maýa goýum we beýleki bilelikdäki taslamalara giňden gatnaşmaga ymtylýandygyny ýene bir gezek tassyklady.
Duşuşyklaryň barşynda geçirilen pikir alyşmalaryň birnäçe ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Şol gepleşikleriň çäklerinde türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ylalaşyldy.