Ï Energetiki howpsuzlyk boýunça täze çemeleşmeler ugrunda: bähbitleri utgaşdyrmak, mümkinçilikleri birleşdirmek we umumy jogapkärçilik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Energetiki howpsuzlyk boýunça täze çemeleşmeler ugrunda: bähbitleri utgaşdyrmak, mümkinçilikleri birleşdirmek we umumy jogapkärçilik

view-icon 914
Şu gün türkmen paýtagtynda ÝHHG-niň ýolbaşçylygynda geçirilen “Ählumumy energetiki bazarlaryň birikmegi – energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegi” atly iki günlük halkara maslahaty öz işini tamamlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi tarapyndan guralan bu wekilçilikli maslahatyň işine ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, ÝHHG-niň agzalary bolup durýan ýurtlaryň syýasy we diplomatik toparlarynyň wekilleri, Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, alymlar, synçylar we garaşsyz bilermenler gatnaşdylar.


Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda ÝHHG-niň dürli düzümleriniň, BMG-niň, Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylary, Energetika hartiýasynyň Sekretariatynyň, ýangyç çykarýan pudaklarda transparentlik boýunça başlangyçlaryň Halkara Sekretariatynyň (EITI), Wilnýusyň Halkara gatnaşyklary we syýasy ylymlar institutynyň, Oksfordyň energetiki ylmy-barlaglar institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Energiýanyň uzak möhletleýin çeşmeleri babatdaky islegiň artmagy we ählumumy energetiki howpsuzlygy üpjün etmegiň zerurlygy, şeýle hem ekologiýa boýunça jogapkärçilik—energetika barada işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň esasy we özara baglanyşykly jähetleri bolup dünýä derejesindäki gün tertibiniň özenini düzýär hem-de bular Aşgabatda geçirilen şu gezekki maslahatyň iş maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Global energetiki howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde yzygiderli ösüşi ugur edinip, täze konsepsiýany işläp taýýarlamak boýunça çemeleşmelere düýpgöter täzeden garamagyň zerurlygy baradaky nukdaýnazardan energetika boýunça goşulyşmagyň düýpli meselelerine maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

Düýn maslahatda energetiki howpsuzlyk, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygyň we yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen hem-de ÝHHG we dünýä bileleşigi tarapyndan tutuşlygyna oňlanýan netijeli başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça ýurtlaryň tagallalaryny jebisleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün maslahatyň işi belli – belli meseleler boýunça mejlisleriň birnäçesinde dowam etdirildi, şonda global nebitgaz we energetika bazarlaryna we bulardaky ýagdaýlara, sebitdäki ýangyç geçiriji ulgamlara we ugurlara degişli seljeriji synlar bilen tanyşdyryldy, energetika boýunça diplomatiýanyň hem-de halkara guramalarynyň we hukuk bilen bagly düzümleriň energiýa serişdeleriniň akymlaryny diwersifikasiýa etmek hem-de ýangyç öndürijiler, sarp edijiler we üstaşyr geçirijiler üçin aýdyň görnüşe eýe bolan ýagdaý hökmünde kesgitlenýän energetiki howpsuzlygy üpjün etmekdäki ornuna garaldy.

Hususan-da, uglewodorod serişdeleriniň subut edilen we örän uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetiki diplomatiýasynyň açyklygy hem-de ulanylýan usullaryň we mehanizmleriň giň toplumy we netijeliligi arkaly häsiýetlendirilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň garaýşyna görä, energetiki howpsuzlyk boýunça ÝHHG-niň orny – köp ugurly hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, energetika pudagyndaky netijeli döwlet dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmegine we munuň açyklygyna esaslanýan konsepsiýadan ybaratdyr. Energetika ulgamynda howpsuzlygyň gazanylmagy özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrýar.

Edilen çykyşlarda aýratyn-da, Hazar sebiti, energetika ulgamyndaky transparentlige we netijelilige ýardam bermek bilen baglylykda, döwletleriň hökümetleriniň we halkara guramalarynyň tagallalaryny strategiki derejede birleşdirmegiň anyk ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna degişli derwaýys meseleler orta atyldy.

Söhbetdeşlikleriň barşynda häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde emele gelýän geosyýasy ýagdaý, ýurtlaryň gaz bilen bagly syýasatynyň dünýäniň energetika bazarlaryna ýetirýän täsiri, şeýle hem häzirki döwürde nebitiň we gazyň adaty bolmadyk görnüşlerini öndürmegiň tehnologiýasyndaky soňky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda gaz bazarynyň durnuklylygynyň çeşmesi hökmünde Türkmenistanyň ornuna aýratyn garaldy.

Günorta Ýolöten—Osman ýatagy ýurdumyzyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki statusyny tassyklady, “Gaffney, Cline & Associates” (GCA) britan auditorlyk kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, onuň gorlary 26,2 trillion kub metre barabar tebigy gazdan ybaratdyr. Galyberse-de, GCA-nyň çaklamalarynaa görä, ýatakdaky gorlar gazly zolagy giňeltmegiň hasabyna has-da artdyrylyp bilner.

Şunuň ýaly möçberlere esaslanyp, Günorta Ýolöten dünýäde ikinji orunda goýulýar, halkara bilermenleriniň baha bermegi boýunça, munuň özi “Türkmenistanda gazyň gorlarynyň ýakyn geljekde Hytaýyň, Russiýanyň, Eýranyň we Ýewropanyň ählisiniň hajatlaryny üpjün etmek üçin

ýeterlikdigini” aňladýar.

Uglewodorold serişdeleriniň şunuň ýaly kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagy Türkmenistana diňe bir gazanylan derejäni saklamak bilen çäklenmän, gury ýerde we deňizde täze ýataklary özleşdirmek, şeýle hem ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyryp, ýataklaryň işlenip taýýarlanylmagyny tizleşdirmek arkaly, ýataklardan uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagyny çalt depginde diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik berýär.

"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli nebitiň çykarylýan möçberlerini 67 million tonna çenli ýetirmek, tebigy gazyň möçberini ýylda 230 milliard kub metre çenli artdyrmak we şonuň 180 milliard kub metrini eksporta ibermek göz öňünde tutulýar. Dünýäde çig mal görnüşindäki energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň barha artýandygyny, özüniň serişdeleriniň binýadyna berilýän bahalary we geljekde şol binýatdan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenistan täze we geljegi uly bolan bazarlara çykmagyň hasabyna energiýa serişdeleriniň iberilýän çägini giňeltmegi maksat edinýär.

Şu maksat bilen, ýurdumyz eksport üçin niýetlenen ýangyç geçiriji infrastrukturasyny işjeň ýagdaýda ösdürýär. Demirgazyk we Günorta taraplara ýangyç ibermek boýunça bar bolan ugurlardan başga, 2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý strategiki gaz geçiriji ulannmaga berildi. Şol ýangyç geçiriji arkaly, Hytaýyň bazaryna her ýylda 40 milliard kub metre çenli türkmen tebigay gazy eksporta iberiler.

Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň bir bölegi bolup durýan Malaý—Bagtyýarlyk gaz geçirijisiniň bölegi hem ulanmaga berildi. Bu täze ýangyç-energetika infrastrukturasy goňşy ýurtlaryň—Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň ykdysady bähbitlerine-de hyzmat etmelidir. Şu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degerli ýardam berip, dostlukly halklaryň maddy hal-ýagdaýynyň ösüşiniň kepiline öwrüldi hem-de parahatçylygyň we dostlugyň mundan beýläk-de berkidilmegine itergi berdi.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) ýangyç geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy işjeň ýagdaýda taýýarlamak tapgyryndadyr. Bu taslamasynyň amala aşyrylmagy diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmeýär, bu ýangyç geçirijiniň sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berip, müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri üpjün etmegi, senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňaýly şertleri döretmegi energiýa serişdelerini iberiji we şol serişdeleri sarp edijiler üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Eksport üçin niýetlenen täze ýangyç geçirijileriň ulanmaga berilmegi milletiň Lideriniň energetika boýunça strategiýasynyň energiýa serişdelerini daşary ýurtly sarp edijilere ygtybarly, yzygiderli we uzak möhletleýin görnüşde iberilip durulmagyny göz öňünde tutýan möhüm ýörelgesiniň amala aşyrylýandygyny iş ýüzünde äşgär edýär.

Soňky döwürde Ýewropa gönükdirilen ýangyç geçirijiniň gurluşygyna degişli mesele işjeň ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýewropanyň bazary dünýädäki iri bazarlaryň biri hasaplanýar, ol Ýewropa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, energetiki çil malyň ep-esli möçberlerde bökdençsiz iberilmeginiň zerurlygyny başdan geçirýär. Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Ýewropa komissiýasy Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirmek barada Ýewropa Bileleşiginden mandaty aldy, munuň özi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň täze ugrunyň iş ýüzünde amala aşyrylyp ugralandygyny alamatlandyrýar.

Maslahatda energiýa serişdelerine degişli taslamalaryň netijeliligini höweslendirmegiň mehanizmlerine, alternatiw energetikanyň ösdürilmegine we energiýa serişdeleriniň tygşytlanmagyna, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça halkara hyzmatdaşlygyna, şu we beýleki ulgamlar boýunça täze tehnologiýalaryň we ylmy işläp taýýarlamalaryň alşylmagyna, geljekde innowasion we ekologiýany esasy ugur edinýän energetikany ösdürmegiň strategiki ugurlaryna degişli meselelere hem garaldy.

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyndaky ylmy-tehnologiýa syýasaty barada aýdylanda bolsa, ol nebiti has çuňňur görnüşde gaýtadan işlenmegini ösdürmegiň, täze kysymly katalizatorlary ulanmagyň hasabyna, motor ýangyjynyň önümçiliginiň artdyrylmagyna, şeýle hem ekologik howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagyna we önümçiligiň talap edýän energiýa serişdeleriniň azaldylmagyna gönükdirilendir. Polimer materiallaryny öndürmek maksady bilen, ýurdumyzyň gaz-himiýa senagatyna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak örän oňaýly ugur bolup durýar. Şu önüm eksport üçin niýetlenendir hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna ýardam berer.

Umuman alanyňda, Türkmenistanyň goşulyşmagyň ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, geljekde-de ähli döwletleriň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly energetiki howpsuzlygy üpjün etmek ýaly, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýetli mesele boýunça özara peýdaly we deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Duşuşyga gatnaşan ýurtlaryň bähbitleri biri-birine ýakynlaşdyrmaga hem-de ählumumy derejedäki meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemek ugrundaky bilelikldäki işi tizleşdirmäge taýýar bolmagy, dünýäniň yzygiderli ösüşini, onuň geljegini kepillendirýän üstünligi diňe sinergetiki netijelilik bolanda, taraplaryň öz jogapkärçiligine düşünip, tagallalaryny birleşdiren ýagdaýynda gazanyp boljakdygyna düşünilmegi Aşgabatdaky maslahatyň esasy netijesine öwrüldi.

Halkara maslahaty tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda ýokary derejede geçirilen şu duşuşyga hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de duşuşygyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, Türkmenistanyň energetika ulgamy boýunça dünýäniň köp döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryny ýola goýmak işine täzeden önjeýli goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.