Ï Aşgabatda ilkinji türkmen-wenger işewür maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ilkinji türkmen-wenger işewür maslahaty geçirildi

view-icon 543
Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmittiň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklere gabatlanyp, türkmen-wenger işewür maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady.

Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilmeginiň “iki ýurduň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigine” ynam bildirendigini, Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmittiň işewürler maslahatyna gatnaşmagyna ýurduň ýolbaşçylarynyň Wengriýanyň iri kompaniýalarynyň özleriniň türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary ýola goýmaga çynlakaý çemeleşmesiniň girewi hökmünde baha berendigini bellemek gerek.

Işewür duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Wengriýa Respublikasynyň wekilçilikli topary geldi. Onuň düzüminde Wengriýanyň ýangyç-energetika toplumy, oba we suw hojalygy pudagy, meliorasiýa, agrohimiýa, syýahatçylyk, farmakologiýa we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalarynyň 30-a golaýynyň wekilleri bar.

Täze taryhy eýýamda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny-- uzakmöhletleýin geljek üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça möhüm ugurlary kesgitlemäge gönükdirilen işewür maslahatyna Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt hem gatnaşdy. Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, birnäçe minsitrlikleriň we pudak edaralaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Senangatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt giriş sözünde düýn geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny belledi we ägirt uly ykdysady we energetika kuwwatyna eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini Wengriýa Respublikasynyň işewürlerine tanyşdyrmak babatda maslahatyň uly ähmiýete eýedigini, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky işjeň ösdürilýän gatnaşyklary nazara almak bilen duşuşygyň möhümdigini nygtady. Myhman şeýle hem öz çykyşynda dünýä bileleşiginiň parahatçylyk, döredijilik we ösüş syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistana gyzyklanmasynyň barha artýandygyny belledi.

Maslahatyň barşynda wenger myhmanlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we gazanan üstünlikleri döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek we Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Biziň ýurdumyzda olaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, iri halkara maliýe we işewürlik düzümlerini giňden çekmek bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda şol düzümler bilen möhüm ugurlaryň birnäçesinde bilelikde işlemegiň oňyn tejribesi toplandy.

Şunda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Türkmenistan iri maýa goýumlaryny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny çekmäge, Wengriýada öndürilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlarynyň getirilmegine gyzyklanma bildirýär. Öz tarapyndan, türkmen önüm öndürijileri Wengriýa Respublikasyna nebithimiýa we nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleri hem-de ýurdumyzda öndürilen, bäsleşige ukyply harytlary, şol sanda dokma önümlerini, mineral çig maly we beýlekileri iberip biler.

Ilkinji pursatlardan işjeň häsiýete eýe bolan duşuşygyň barşynda “Magýar Wizipari Klaster”, “Wikuw”, “Agro-Kemi” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşylgy ösdürmäge, şeýle hem nebithimiýa pudagynda, oba hojalygynda, gurluşykda, gurluşyk materiallaryny we mineral dökünleri öndürmekde, bank ulgamynda, bilimde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşykda suw hojalygynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda maslahata gatnaşýan ýurtlar uly tejribe topladylar. “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri we sepgitleri açdy, suw serişdelerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, sebitiň ekologiýa howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi. Gidrotehnika, gidrogeologiýa, suw hojalygy, suw tygşytlaýan tehnologiýalar önümçiliginde we suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygynda ýöriteleşen iri wenger kompnaiýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Maslahatda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berildi. Türkmenistanda Hazaryň gündogar kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilýändigini we Wengriýa Respublikasynyň Balaton kölüniň termal suwlarynyň baý çeşmelerini nazara almak bilen, bu ugruň geljegi has uludyr.

Hususy telekeçilik derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda döwlete degişli bolmadyk ulgamyň Türkmenistanyň jemi içerki önümindäki paýy 40 göterime barabardyr, 2020-nji ýyla çenli bolsa bu görkezijini 70 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Yzygiderli geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalar, maslahatlar, işewürlik forumlary telekeçilik düzümleriniň ýakynlaşmagynyň täsirli guraly bolmalydyr.

Wengriýaly myhmanlaryň Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda mundan beýläkki gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.