Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde adam hukuklary boýunça halkara eksperti BMG-niň maýyplaryň hukugy boýunça komitetiň agzasy jenap Mohammed Al-Tarawnehiň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk boldy.
Gyzykly pikir alyşmagyň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen döwletiniň ýöredýän içeri syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurtda durmuşa geçiirilýän özgertmeleriň durmuş ugra gönükdirilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we ählumumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda, hukuklaryň we azatlyklaryň deňliginiň, mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlarynda deň şertleri döretmegiň ýörelgesi
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, häzirki döwürde türkmen döwletiniň we jemgyýetiň yzygiderli ösüşiniň ygtybarly kepili hasaplanýar.
Türkmen döwleti gumanitar ugur boýunça möhüm ähmiýetli halkara konwensiýalaryny, şol sanda BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasy we onuň Fakultatiw teswirnamasyny tassyklap, şu ugur boýunça BMG-niň dürli düzümleri, şol sanda BMG-niň Maýyplaryň hukuklary boýunça komiteti bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň boýunça alan borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigi, milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň halkara kadalaryna we maslahatlaryna laýyk geçirilýändigi bellendi. Şunuň bilen baglylykda adam hukuklary boýunça halkara bilermen ýurdumyzda bolup geçýän iri möçberli özgertmelere, şol sanda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça geçirilýän çärelere ýokary baha berdi.
Jenap Mohammed Al-Tarawneh we wekiliýetiň agazalary hukuk ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen parlamentarileri bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdylar.
Şeýle hem saparyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginde, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirdiler.
Wekiliýetiň agzalarynyň jemgyýetçilik binalarynyň, infrastrukturanyň we ulagyň amatlylygy bilen bagly meseleler boýunça halkara standartlaryna we öňdebaryjy tejribä bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek iki günlük seminara gatnaşmagyna garaşylýar.