Ï Türkmenistan-BMG: SPEСA maksatnamasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG: SPEСA maksatnamasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen

view-icon 783
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPEСA) “Merkezi Aziýa döwletleriniň 20 ýyl sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler, wezipeler we gelejegi” atly ykdysady maslahatynyň açylyşy boldy.

Iki günlük duşuşygyň gün tertibi boýunça sebit derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde we goşulyşmakda gazanylan ösüş, Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we olaryň goşulyşmagyna ýardam bermek boýunça hereketleriň meýilnamasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu maslahat SPEСA-nyň häzirki Başlygy bolup durýan Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkezi bilen bilelikde guraldy.

Şu duşuşyga BMG-niň dürli düzümleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň, Şanhaý Ykdysady Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginiň, ABŞ-niň Halkara ösüş boýunça agentliginiň, sebit we halkara derejesindäki düzümleriň birnäçesiniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respubikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Estoniýa Respublikasyndan gelen wekiliýetler we beýlekiler gatnaşýarlar. Türkmen tarapyndan bu duşuşyga Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instiututnyň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşýarlar.

Türkmen paýtagtynda şunuň ýaly möhüm ähmiýetli halkara maslahatynyň indi ikinji gezek geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelýändigini hem-de

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we bütin dünýä derejesindäki ösüşe degişli möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýylda esaslandyrylan hem-de BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmaş komissiýasynyň howandarlyk etmeginde amala aşyrylýan SPEСA maksatnamasynyň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletlerine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, olaryň ykdysady ösüşini we dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagyny höweslendirmekde ýardam bermekden ybaratdyr. Biziň ýurdumyzdan daşgary, bu maksatnama Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan gatnaşýar. 2010-njy ýylyň oktýabrynda SPEСA-nyň Dolandyryjy Geňeşiniň bäşinji mejlisinde biragyzdan kabul edilen çözgüde laýyklykda Türkmenistan Maksatnamanyň Başlygy hökmünde saýlandy.

BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary jenap Ýan Kubiş çykyş edip, BMG-niň Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny, Türkmenistanyň sebit we halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere işeňňir gatnaşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara parahatçylygynyň esaslaryny berkitmek we ählumumy yzygiderli ösüş boýunça şertleri döretmek, dünýäde, energetiki howpsyzlygy we ýer ýüzünde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly bolan döredijilkili başlangyçlaryň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi, şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň belent münberinden türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli ýagdaýda öňe sürülýär.

BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň sebit derejesindäki ykdysady hyzmatdaşlygyna we goşulyşmagyna degişli mümkinçiliklerden has oňaýly peýdalanmagyň meseleleriniň çözgütleriniň gözlenmegine gönükdirilip, şu duşuşykda gün tertibine goşulan meseleleriň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Ýokary wezipeli myhman SPEСA-nyň şu ykdysady maslahatynyň oňa gatnaşyjylara pikir alyşmak hem-de sebitdäki hyzmatdaşlygy kämileşdirmegiň ýollaryny bilelikde işläp taýýarlamak üçin amatly mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Şu duşuşygyň netijeleri we kabul edilejek çözgütler SPEСA-nyň çäklerinde we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygyň has oňaýly görnüşleriniň işlenip taýýarlanmagyna we özara arkalaşykly hereketiň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.

Iki günlük ykdysady maslahatyň birinji gününde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary hem-de esasy halkara düzümleri, ilkinji nobatda, BMG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýäniň ykdysadyýetine goşulyşmagy ykdysady, durmuş we syýasy wehimlerden üstünlikli sowlup geçmekde ýylsaýyn möhüm orna eýe bolýar diýlip bellenildi. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň artmagy düýpli ykdysadyýetiň çalt üýtgeýän ýagdaýlarynyň şertlerinde ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, SPEKA maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň sebitleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan türkmen döwletiniň daşary ykdysady syýasaty parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmäge, sebitleýin, sebitara we ählumumy derejedäki meseleleri çözmekde gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýeti durnukly we okgunly ösdürmäge ýardam etmek ýurdumyzyň syýasatynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar. Sebitde parahatçylygy saklamak we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berip, biziň ýurdumyz özara gatnaşyklarda ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmek, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, SPEKA-nyň maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlar özleriniň ykdysadyýetleriniň sebitleýin we halkara bazarlary bilen goşulyşmagyna gönükdirilen möhüm ädimleri ätdiler. SPEKA-nyň köp ýurtlary sebitleýin ylalaşyklara, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde sebitleýin ylalaşyklara gatnaşýarlar. Soňky 20 ýylyň dowamynda bu ýurtlar şeýle hem ykdysadyýetleri we bazar özgertmelerini erkinleşdirmek baradaky toplumlaýyn meýilnamalara gatnaşdylar. Şol meýilnamalary amala aşyrmak dürli depginlerde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça maksada laýyk işleri yzygiderli alyp barýar. Mundan başga-da, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeler täze önümçilikleri ösdürmäge, ägirt uly maýa goýum taslamalaryny, şol sanda sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmäge, giň möçberli gurluşyk işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi täze iş orunlarynyň döredilmegine we Türkmenistanyň raýatlarynyň girdejileriniň artmagyna ýardam edýär.

Amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň durmuşy ugra gönükdirilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň döredijilikli zähmet çekmegini we abadançylygyny üpjün edýär hem-de şol bir wagtyň özünde sebitiň döwletleriniň her biriniň ykdysadyýetini we durmuş düzümlerini ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistan Aziýanyň bitewüligini döretmäge, bu sebiti durnuklylyk, rowaçlyk we parahatçylyk, durmuş taýdan abadançylyk merkezine öwürmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda sebitde we bütin dünýäde umumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde şu wekilçilikli maslahatyň ornuny aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, köp sanly ykdysady meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmek maksadalaýykdyr. Çünki, şeýle çemeleşmede kabul edilýän çözgütleriň netijelliligi, sebitde durnuklylyk üpjün edilýär, şeýle hem ol ýa-da beýleki ykdysady meseleleri çözmekde ýurtlaryň çykdajylary azalýar.

Günüň ikinji ýarymynda Aşgabat duşuşygynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ornuna, sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda ykdysady hyzmatdaşlygyň goşandyna, şeýle hem sebitleýin ykdysady gatnaşyklaryň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goşulyşmagynyň artykmaçlyklaryna bagyşlanan 3 sany mejlis geçirildi. Maslahatyň jemleri boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň syýasy, hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça mundan beýläkki hereketler babatda maslahatlaryň işlenip taýýarlanylmagyna garaşylýar.

Maslahatyň ikinji gününiň gün tertibine sebitleýin söwdany, ulag ulgamyny ösdürmäge we maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ertir günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň 6-njy mejlisi geçiriler. Onda 2010-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Ženewada geçirilen soňky mejlisden bäri geçen döwrüň içinde SPEKA-nyň çäklerinde amala aşyrylan işlere baha berler.

* * *
Şu gün Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň mejlisler zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň Söwda boýunça taslamalaýyn iş toparynyň altynjy mejlisi we söwda üçin ýardam maksatnamasyny amala aşyrmak we oňa gözegçilik etmek boýunça geňeşiň duşuşygy geçirildi. Oňa BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň, ESKATO-nyň, esasy halkara maliýe düzümleriniň, şol sanda Halkara pul gaznasynyň, Yslam Ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň wekilleri, şeýle hem SPEKA maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda söwda boýunça taslama iş toparynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine syn bermäge, söwda üçin kömek maksatnamasy boýunça SPEKA Ýol kartasynyň meseleleri boýunça ministrler derejesindäki maslahatda kabul edilen Baku Jarnamasynyň çözgütlerini ýerine ýetirmekde söwda boýunça taslamalaýyn iş toparynyň ornuna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.