Ï Türkmenistan SPEKA-nyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan SPEKA-nyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy

view-icon 681
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Ýolbaşçy geňeşiniň altynjy mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň 2012-nji ýylda SPEKA-nyň Başlyklygyna gaýtadan saýlanmagy hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Onuň gün tertibine Ýolbaşçy geňeşiň soňky mejlisinden (2010-njy ýylyň 19-njy oktýabry, Ženewa) geçen wagtdan bäri SPEKA-nyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň jemlerini jemlemek, şeýle hem şu Maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ozal habar berlişi ýaly, wekilçilikli maslahat SPEKA-nyň häzirki Başlygy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK) we BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO), şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.

SPEKA Maksatnamasynyň Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny üpjün etmek maksadynda 1998-nji ýylda başlanandygyny ýatlatmalydyrys. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan Maksatnamanyň agzalary bolup durýarlar. ÝYK we ESKATO bilelikde bu maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän çärelere goldaw berýärler.



Häzirki mejlisiň barşynda Taslama iş toparlarynyň işleriniň ýerini ýetirilişiniň barşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi, olar SPEKA Maksatnamasynyň çäklerinde, hususan-da, suw we energetika serişdeleri boýunça, ulaglar we serhetlerden geçmek, söwda, statistika, ykdysadyýeti ösdürmek we gender ykdysadyýeti boýunça işleýärler.

Ýolbaşçy geňeşe gatnaşyjylaryň dykgatyna SPEKA-nyň 2012-2013-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy, şol sanda Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we onuň ösüşine ýardam bermek üçin hereket etmegiň meýilnamasyna girýän taslamalar hödürlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hökümeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän we dünýäniň ähli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruna eýerip, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berýär.

Ýygnananlar Türkmenistanyň SPEKA başlyklyk etmegi barada durup geçip, yklymyň ulag ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orun eýeleýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we ösdürmek baradaky tagallalarda Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu meseleler boýunça oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň oktýabrynda ýolbaşçy geňeşiň Ženewada geçirilen 5-nji mejlisinde 2010-2011-nji ýyllaryň dowamynda SPEKA maksatnamasyna ýolbaşçylyk etmek, indi bolsa 2012-nji ýylda Başlyklygyna gaýtadan saýlanmak hukugy berlen Türkmenistan bu ugurda netijeli işleri amala aşyrdy. Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň sekretariatynyň we ESKATO-nyň goldaw bermeginde SPEKA gatnaşýan döwletleriň bilelikdäki işini ösdürmegiň täze ugurlary tapyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda SPEKA agza ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Şol duşuşyk SPEKA-2010 ykdysady forumynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we ony ösdürmek üçin hereket etmegiň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meselesi boldy. Ýygnananlar geçen gezek Aşgabatda geçirilen duşuşygyň möhümdigini aýdyp, Owganystany dikeltmek boýunça dünýä bileleşigi tarapyndan täze çözgütleri agtarmak babatda SPEKA-nyň işindäki bu täze ugruň häzir aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda, 2-nji noýabrda Stambulda bu meselelere bagyşlanan halkara duşuşygy geçirildi. Onuň indiki tapgyry bolsa 5-nji dekabrda Bonda geçiriler.

Türkmenistanyň bu ugurda ädýän täsirli ädimleri biziň ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji syýasatynyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde çykyş edýändigine şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň biri Owganystanda döwlet häkimiýetiniň netijeli edaralaryny ösdürmäge we ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmaga, bu ýurtda diplomatik usullar arkaly ýagdaýy kadalaşdyrmaga hem-de milli ylalaşyklylyk ýagdaýyny döretmäge bagyşlanandyr. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurda maksada laýyk işleri geçirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň howandarlygynda ýokary derejedäki halkara duşuşygyny we Owganystandaky ýagdaý boýunça owganara gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýardygy baradaky teklibiniň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Owganystanyň ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmek bilen baglanyşykly anyk ugurlara degişli teklibiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-ä agza ýurtlaryň ünsüni hereket etmegiň bilelikdäki maksatnamasyny işläp taýýarlamaga çekmegiň zerurdygy bellenildi. Türkmen tarapynyň pikirine görä, bu ugurda 2011-nji ýylyň dowamynda geçirilen işleriň netijelerini ulanmagyň möhümdigi we bu işi 2012-nji ýylda gyzyklanma bildirýän düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň Owganystan bilen meşgullanýan düzümleriniň gatnaşmagynda dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mejlisiň barşynda suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak, ulag, söwda, gender ykdysadyýeti, statistiki mümkinçiliklerini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. Olar bolsa SPEKA-nyň Maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar suwdan rejeli peýdalanmagyň maksadalaýyklygyna ünsi çekip, sebitde oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu meseleleri halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerini nazara almak bilen we dünýä bileleşiginiň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda çözmegiň möhümdigi bellenildi.

Şu gün öz işini tamamlan SPEKA-nyň Ykdysady maslahatynyň netijelerini jemlemek gün tertibine girizilen meseleleriň biri boldy. Ýygnananlaryň pikirine görä, onda kabul edilen çözgütler SPEKA-nyň çäklerinde we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Mejlisiň çäklerinde SPEKA-nyň sebit guramalary we edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegi hakynda oňyn pikir alyşyldy, şeýle hem hyzmatdaş guramalar we edaralar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky habarlar aýdyldy.

Maslahata gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň jemini jemläp, 2010-2011-nji ýyllaryň dowamynda SPEKA maksatnamasynyň Başlygy hökmünde işjeň işi üçin Türkmenistana çäksiz hoşallyk bildirdiler we 2012-nji ýyl üçin hem bu belent wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen gutladylar, agza ýurtlaryň oňyn gatnaşyklary dowam etdirmäge, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini çözmek maksadynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, ESKATO, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi we beýleki halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda ýygnananlar türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik, üstünlikli işlemek üçin göwnejaý şertleriň döredilendigi we bu möhüm halkara forumynyň ýokary derejede geçirilmeginiň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.