Şu gün paýtagtymyzdaky “Ak altyn” myhmanhanasynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşykda Türkmenistanda täze kommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary eýýamynda habar beriş serişdelerini düzgünleşdirmek işi baradaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk iki günüň dowamynda bolup, ony Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi gurady we ol “Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň barşyna ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
“Tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahata türkmen paýtagtynda saparda bolýan ÝHHG-niň habar beriş serişdeleriniň erkinligi boýunça wekili hanym Dunýa Miýýatowiçiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokrtaiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylara beýleki ýurtlaryň habar beriş serişdeleri ulgamyndaky esasy halkara ülňüleri, kadalary we tejribesi hakyndaky çykyşlar, şeýle hem bu pudagyň işini kadalaşdyrýan hereket edýän kanunlar baradaky ÝHHG-niň bilermenleriniň synlary we ulgamy kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi. Bu abraýly halkara guramasynyň wekilleriniň pikirine görä, ulgam boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň habar beriş serişdeleriniň işiniň mundan beýläk ösdürilmegi, şeýle hem bu pudagyň kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin uly ähmiýeti bardyr.
Öz gezeginde türkmen hünärmenleri maglumatlar syýasatynyň ulgamynda ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem bu pudagy kadalaşdyryjy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan özgertmeler maksatnamasynyň möhüm ugurlary bilen ýygnananlary tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, bu meseleler Türkmenistanyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýsaynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ähli pudaklara dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, häzirki zaman kompýuter we maglumatlar ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy oňyn özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Şu jähetden türkmen döwleti öňdebaryjy halkara düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär diýlip bellenildi.
Geçirilen gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň barşyna ýardam bermek” atly taslamanyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler we bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýtdylar hem-de ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG-niň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň hökümetinde we Mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli intsitutynda duşuşyklar hem göz öňünde tutulýar.

* * *
ÝHHG-niň habar beriş serişdeleriniň erkinligi boýunça wekili hanym Dunýa Miýýatowiç Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda habar beriş serişdeleriniň işi boýunça ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.