Ï Türkmenistan –Ýewropa Komissiýasy: netijeli hyzmatdaşlygy berkidip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan –Ýewropa Komissiýasy: netijeli hyzmatdaşlygy berkidip

view-icon 678
Şu gün türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň bilim maksatnamasynyň ýolbaşçysy hanym Assunta Testa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak minitsrliginde kabul edildi.

Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki taslamalary işläp düzmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşmalaryň temasyna öwrüldi. Türkmenistan bilen Ýewropa Komissiýasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, hanym Assunta Testa Ýewropa Bileleşigi özara gyzyklanmalary hasaba almak arkaly türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär diýip nygtady. Derwaýys ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary netijeli ösdürmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

Kanun Assunta Testanyň paýtagtymyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde hem Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde duşuşyklar meýilleşdirilendir, şolarda Ýewropa Komissiýasynyň “Türkmenistanda tehniki ýardam bermek maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge we dolandyrmaga goldaw bermek edarasy” taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine serediler.

Ýewropa Komissiýasynyň maksatnamasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenbaşy şäherinde bolmagy hem meýilleşdirilendir, şol ýerde myhman Hazaryň kenarynda kemala getirilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy we şäheriň mekdepleriniň birinde bilim berlişiniň ýagdaýy bilen tanşar.

Saparyň çäklerinde hanym Assunta Testanyň Türkmenabat şäherinde bolmagy hem göz öňünde tutulýar, onuň barşynda myhman umumybilim berýän mekdepleriň birine baryp görer.