Ï Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 631
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedow daşary ýurtly wekiliýetleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary we meşhur dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – türkmen paýtagtynda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2011” atly halkara sergisine we “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi.

Kabul edilen myhmanlaryň hatarynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky “Ýewropa Öýi” Taslamasynyň, şeýle hem “Shell Exploration & Production” we “Exxon Mobil” (ABŞ), “RWE Suppy & Trading” (Germaniýa), “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Eurasia Drilling Company” (Russiýa) kompaniýalarynyň wekilleri bar.

16-njy noýabrda halkara kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň – “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa), Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC), “LG International” (Koreýa Respublikasy), “ConocoPhillips” we “Hyperdynamics” (ABŞ), “Dewey & Le Boeuf” we “CGG Veritas” (Fransiýa), “GARO” we “Tecnint” (Italiýa), “Technip MMHE-TPGM SDN. BHD” (Malaýziýa) we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda nebtgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge degişli meseleleriň giň topary boýunça düýpli pikir alşyldy. Myhmanlar öz ägirt uly energetika mümkinçiliklerini ählumumy bähbitleri üçin netijeli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe uly möçberli başlangyçlary öňe süren Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler.