Ï Ekologiýa gatnaşyklary halkara ekologiýa howpsuzlygynyň esasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa gatnaşyklary halkara ekologiýa howpsuzlygynyň esasydyr

view-icon 1007
Şu gün türkmen paýtagtynda «Ekologiýa boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar. Biziň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bellenýän ýylda geçirilýän ekologiýa forumy tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikleri toplumlaýyn beýan eder, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmekde netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň jemini jemlär hem-de bu babatda mundan beýläkki bilelikdäki hereketleriň geljegini kesgitlär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guralan ylmy foruma halkara guramalarynyň 24-sinden wekiller, şeýle hem Ýewropanyň we Aziýanyň 17 ýurdundan, ABŞ-den alymlar we hünärmenler gatnaşar.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ilkinji ýyllaryndan başlap, tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli we aýawly peýdalanmak, bioköpdürlüligi gorap saklamak jemgyýetiň durnukly ösüşini we daşky gurşawy sazlaşdyrmaga, ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň möhüm taraplary hökmünde kesgitlendi. «Tebigaty goramak hakynda» Kanun bu ýolda ilkinji ädim boldy, şondan soň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmegiň giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ekologiýa taýdan ileri tutmagy şertlendirilen beýleki möhüm kanunçylyk resminamalary kabul edildi.

Türkmenistanyň işjeň halkara işi onuň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmen döwleti BMG-niň bu ulgamdaky esasy köptaraply ylalaşyklarynyň birnäçesini tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny doly möçberde ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi meselesi, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de çölleşmä garşy göreş alyp barmak, türkmen tebigatynyň biologiki baýlygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmäge çynlakaý üns berip, bu ulgamda sebitleýin derejede hem, dünýä möçberinde hem has işjeň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga çalyşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden aýdylan hem-de netijeli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, ekologiýa howpsuzlygy meselelerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň ulgamlaýyn usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlar dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki wagtda biologiki köpdürlüligi gorap saklamak we dikeltmek, Hazaryň deňiz gurşawynyň tebigy arassalygyny we abadançylygyny, Garagum çölüniň we Köpetdagyň dag ulgamlarynyň tebigy keşbini, goramak boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň tejribesi, suwdan peýdalanmak we topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagynyň öňüni almak meselelerini iş ýüzünde çözmekde, şeýle hem ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmekde gazanylýan üstünlikler daşary ýurtly hünärmenlerde, ekolog alymlarda we bilermenlerde ägirt uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistan bu meselelerde oňyn tejribäni we bilimleri alyşmak, ýurtlaryň sebitleýin özara gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň has netijeli usullaryny hem-de gurallaryny agtarmak hem-de dürli halkara guramalary we ilkinji nobatda BMG hem-de onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça köp sanly halkara maslahatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Maslahatyň işiniň iki gününiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ekologiýa meseleleriniň, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň möhüm jähetlerini ara alyp maslahatlaşarlar.