Ï Ekologiýa halkara hyzmatdaşlygynyň ugry hökmünde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa halkara hyzmatdaşlygynyň ugry hökmünde

view-icon 1392
Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Bu uly möçberli maslahata türkmen ekologlary hem-de 20-den gowrak iri halkara düzümlerine, şol sanda BMG, dünýäniň 17 ýurdunyň guramalaryna we ylmy-barlag merkezlerine wekilçilik edýän daşary ýurt ekolog alymlary, hünärmenler we bilermenler ýygnandylar. Bu maslahat Türkmenistanyň ekologiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça tebigaty goramakda gazanan netijelerini aýdyň suratlandyrmak arkaly, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmek ugrunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk edilmeginiň täze tapgyryna badalga berdi.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň ekologiýa boýunça milli strategiýasynyň möhüm ähmiýetli meseleleri goşulyp, türkmen ekologlarynyň toplan önjeýli we oňyn tejribesi, halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda köp ugurly maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmagyň netijeleri bilen tanyşmaga hem-de sebitleýin we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredildi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesinde ählumumy energetiki we ekologik howpsuzlyk boýunça öňe süren ýörelgeleriniň möhüm orny eýeleýändigini belläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň ýokary ykdysady ösüş we ekologiýanyň medeniýeti babatda görelde görkezýändigini nygtadylar.

Ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak—munuň özi adamzadyň mundan beýläk-de diňe tebigatyň ösüşi, onuň köp dürlüligi we baýlygy, daşky gurşaw barada alada etmek bilen utgaşdyrmak arkaly ösüş gazanyp biljekdigine düşünilmegine esaslanýan ýörelge bolup durýar. Şu ugurda Türkmenistan daşary ýurtlaryň ählisi bilen öz gatnaşyklaryny ýer ýüzündäki ähli halklaryň abadançylygyna esaslanyp guraýar.

Maslahatyň barşynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, ÝUNESKO, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Ýewropa Bileleşigi, global ekologiýa gaznasy, Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýeti, Tebigaty goramak boýunça M.Zukkowyň gaznasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly ýurdumyzda uly möçberli ekologik maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmagyň barşy barada syn berildi.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalaryň arasyndan Hazaryň ekologiýasyna degişli maksatnamany görkezmek bolar, şonuň çäklerinde şu ýylda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramagyň Çarçuwaly konwensiýasy boýunça nebit arkaly hapalanmagy döredýän ýagdaýlara sebit derejesinde taýyn bolmak, bu ýagdaýlary kadalaşdyrmak we hyzmatdaşlyk etmek barada goşmaça Teswirnama gol çekildi. Hazar deňziniň türkmen kenar ýakasy has arassa we oňaýly diýlip hasaplanýar. Onuň çäklerinde ýerleşýän Hazar goraghanasynyň suwly—batgalykly ýerleri dünýäniň Esasy ornitologik ýerleriniň sanawyna goşuldy, bular göçüp-gonýan guşlaryň populýasiýalaryny saklamak üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

Aýratyn goralýan ýerleri döretmek boýunça milli maksatnama hem möhüm ähmiýetli taslamalaryň biri hasaplanýar, ol ilkinji nobatda, täsin galdyrýan biologik taýdan we landşaftyň dürli-dürlüliginiň aýawly saklanmagyna gönükdirilendir. Şonuň çäklerinde ýurdumyzyň ähli goraghanalarynda toplumlaýyn barlaglar geçirildi, şonda bu goraghanalaryň binýadynda ekologik syýahatçylygy ösdürmek, türkmen tebigatynyň gözelligini we baýlygyny giňden wagyz etmek üçin dolandyrylýan milli seýilgähleri guramagyň mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy. Türkmen we daşary ýurtly ekologlaryň bilelikdäki işiniň netijeleri täsin galdyrman durmaýar, şonda Köpetdagyň eteklerinde ilkinji Milli seýilgähi döretmek üçin ekologik-- ykdysady esaslandyrma taýýarlanyldy.

Çal zemzen we orta aziýa kepjebaşy, hindi ýekegapany, owgan tilkisi ýaly seýrek duşýan we ýitip barýan jandarlaryň, guşlaryň birnäçesiniň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawundan aýrylmagy jandarlaryň we guşlaryň ýaşaýşy üçin amatly ýerleri döretmek, ýurdumyzda biologik taýdan dürli-dürlüligi saklamak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Bagy-bossanlyga büremek boýunça uly möçberli milli maksatnama bolsa oňaýly mikroklimatyň döredilmegine, daşky gurşawyň ekologiýasynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir, agaç nahallarynyň, şol sanda ýerli endemiki görnüşleriniň oturdylan ýerlerini giňeltmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Çöllük ýerlerde sazaklaryň tokaýlyklary, daglyk ýerlerde arçalaryň selçeň tokaýlyklary, derýalaryň boýunda hem tokaýlyklary döretmek boýunça işler geçirilýär. Şeýle hem çölleşmek we ýerleriň degradasiýasy bilen bagly meseleleri çözmekde bu taslamalar möhüm ähmiýete eýedir.

Tutuş Merkezi Aziýa sebitini durnukly ösdürmekde, onuň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamakda möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde täsin galdyrýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň häzirki döwürde halkara derejesinde wajypdygy, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk edilmegine we ählumumy meseleleriň çözülmegine işjeň we netijeli çemeleşýändigi nygtaldy. Eýýäm häzirki wagtda suw eltiji zeýkeşleriň ulgamlarynyň çekilmegi we köle suwuň barmagy netijesinde çölleşmek bilen bagly ýagdaýlary togtatmak hem-de suwly we suwuň ýakasyndaky ekologik ulgamlary we şonuň bilen birlikde, biologik taýdan dürli-dürlüligi döretmek üçin oňaýly ýagdaý emele gelýär.

Dünýä bileleşiginiň daşky gurşawyň hili, tebigatdan rejeli peýdalanmak, täsin tebigy mirasy aýawly saklamak ýaly ählumumy derejedäki meseleleriň, şeýle hem antropogen täsir we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen bagly meseleleriň çözülmegine diňe toplumlaýyn çemeleşmegiň we tagallalary birleşdirmegiň ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar üçin anyk we oňyn netije berýändigi bellenildi.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, şonda türkmen döwletiniň Baştutanynyň tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologik arassalygyny we adamlaryň abadançylygy üpjün etmek boýunça netijeli başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylýandygyny beýan etdiler.