Şu gün “Dýaoýuýtaý” Döwlet kabulhanasynyň “Fan Feý” zalynda türkmen-hytaý işewür forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hökümet agzalary, hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý toparynyň wekilleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary iki ýurduň telekeçileriniň wekilleri gatrnaşdylar.
Täze taryhy eýýamda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasý ugurlaryny anyklamaga, uzak geljek üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen işjeň duşuşygyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e döwlet saparyna gabatlanyp geçirilmegi onuň ähmiýetini artdyrdy. Ertir saparyň çäklerinde Pekinde ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, HHR bilen hyzmatdaşlyk bu uly döwlet bilen özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny işjeň ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Hytaý birek-biregi strategik hyzmatdaşlar hökmünde kabul etmek bilen, ykdysadyýetiň derwaýys ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly özara gatnaşyklaryň tejribesini we mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýarlar.
Çäräniň barşynda hytaýly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Ýurduň häzirki döwürde gazananlary hakynda aýdyň maglumat beren wideofilm biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň möçberleri, ýurduň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin döredilýän oňaýly binýadyň ygtybarlylygy, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.
Ileri tutulýan ugurlarda, öňi bilen bolsa söwda-ykdysady we ylmy-tehniki, şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilleşdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde soňky ýyllarda gazynylan netijeler barada hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý toparyna başlyklyk edijiler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow we HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň orunbasary Wan Sişan öz çykyşlarynda gürrüň berdiler.
Şunuň ýaly ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijesinde ”asyryň gurluşygy” adyny alan Ýewraziýa yklymynda iri energetika ugur bolan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň gurluşyk, ulag, enjamlary we maşynlary ugratmak, häzirki zaman maglumatlar we telearagatnaşyklar tilsimatlaryny önümçilige ornaşdyrmak ýaly ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy netijesinde oňyn ösüş gazanyldy. Türkmen-hytaý duşuşygynyň ýokary derejedäki gepleşikleri bolsa bu ugurda ýene bir möhüm ädimiň ädilmegini şertlendirer.
Türkmen bazarynyň örän uly geljeginiň bardygyny we ýurtda oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini bellemek bilen, hytaýly hyzmatdaşlar özleriniň ýangyç-energetika pudagyndaky täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Özüni ygtybarly we borjuna wepaly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdeleri Hytaýyň ýokary depginlerde ösýän ykdysadyýeti üçin zerur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, energiýa göterijilerine bolan isleg ýyl-ýyldan artýar. Dürli pudaklara ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tilsimatlary işjeň ornaşdyrmak özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi.
Türkmenistan ykdysadyýetini toplumlaýyn özgertmek strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek biien, Hytaýyň iri kompaniýalarynyň oňyn tejribelerini peýdalanmaga meýil bildirýär diýlip, duşuşykda bellenildi. Hytaýyň milli nebit kompaniýasynyň, kompýuter we maglumatlar tilsimaty ulgamynda ýöriteleşen “LENOVO” kompaniýasynyň wekilleri we beýleki telekeçiler öz çykyşlarynda bu barada aýtdylar.
Şeýle hem döwletiň işjeň goldaw bermegi netijesinde Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete degişi däl ulgamyň paýynyň yzygiderli ösýändigini nazara almak bilen, hususy telekeçiligiň derejesindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda himiýa we dag-magdan senagatyndaky, kosmos aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekdäki, syýahatçylyk hünärli işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny kemala getirmek boýunça iri möçberli taslamalaryň, ýurtda dynç alyş-şypahana düzümini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nazara almak bilen, syýahatçylyk ulgamy geljegi uly ugur hökmünde görkezildi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşykda Türkmenistanyň we Hytaýyň ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda özara gyzyklanmalara jogap bolup durýan netijeli gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda täze gatnaşyklaryň ugry kesgitlendi, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasy kesgitlenildi.
Duşuşugyň aharynda oňa gatnaşyjylar şunuň ýaly gepleşikleri netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bir bitewi binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen yzygiderli esasda geçirilmeginiň derwaýysdygyny bellediler. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirip, işewür duşuşyga gatnaşyjylar munuň üçin häzirki döwürde ähli mümkinçilikleriň , bilelikdäki iş boýunça baý tejribäniň we özara peýdaly gatnaşyklara bolan ikitaraplaýyn meýilleriň bardygyny nygtadylar.