Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-eston işewürlik maslahaty Türkmenistanyň we Estoniýa Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze ädime öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, bu işjeň duşuşyk Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansipiň Türkmenistana resmi saparyna gabatlanyp geçirildi.
Türkmen tarapyndan maslahatyň işine ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Işjeň duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Estoniýa Respublikasynyň wekilçilikli topary geldi. Oňa hökümete degişli düzümleriň, telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we işewür adamlar goşuldy. Olaryň arasynda Estoniýanyň iri “Esti Enerji”, “Repo Wabrikud”, “Olimpik Enterteýment grupp”, “Tallinsskiý port”, “Defendek” kompaniýalary bar. Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Bu işewürlik maslahat täze taryhy eýýamda türkmen-eston hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny aýdyňlaşdyrmak, uzakmöhletleýin geljekde özara arkalaşykly hereket etmekde mümkinçiliklerden peýdalanmagyň möhüm ädimlerini kesgitlemek maksady bilen geçirildi, oňa Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansipiň gatnaşmagy bu maslahatyň özboluşly derejä eýe bolmagyna getirdi.
Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri mejlise gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, häzirki wagtda sazlaşykly ösýän we täzeden itergi berlen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň netijeli bolandygyny belläp, şonda türkmen-eston hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhman häzirki döwürde döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyna yzygiderli ösüşiň mahsusdygyny hem-de munuň esasan, türkmen Lideri tarapyndan oýlanyşykly we netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirmegi bilen şertlendirilendigini belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda BMG ýaly iri, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde öňden bäri syýasy gatnaşyklaryň ýola goýlandygy hem-de işjeň ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňaýly pursadyň gelip ýetendigi bellenildi.
Şu gün türkmen paýtagtynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyk şu ugurdaky möhüm ädime öwrüldi hem-de ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine girýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde doly möçberli hyzmatdaşlyk etmegiň berk binýadyna öwrüldi. Iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we girdejilere salynýan salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak barada hökümetara derejesinde kabul edilen konwensiýa Türkmenistanyň we Estoniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn ykdysady işini we işewür toparlaryň özara arkalaşykly hereket etmegini höweslenlirýän möhüm ähmiýetli resminama bolup durýar.
Geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýän we ulag infrastrukturasyna eýe bolan Türkmenistanyň we Estoniýa Respublikasynyň üstaşyr geçirmek bilen bagly mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, ulag-kommunikasiýa ulgamy özara bähbitleri gönükdirmegiň has oňaýly ugurlarynyň hatarlarynda görkezildi. Tallinn, Sillamýae ýaly halkara derejeli iri ýük we ýolagçy portlaryna eýe bolan Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýyndygy bellenildi. Estoniýanyň kompaniýalary Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmakda we logistika merkezlerinden başlap, gämi bejerýän zawodlara çenli port infrastrukturasyny döretmekde kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly täze deňiz duralgalaryny gurmakda toplanan tejribäni teklip edip bilerler.
Mejlisiň barşynda işewürlik maslahatynyň özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-eston hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýän döwründe geçirilýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegiň energiýanyň alternatiw çeşmeleri, maglumatlar-kommunikasion ulgam, syýahatçylyk we myhmanhana bilen bagly telekeçilik, maşyn gurluşygy, tokaý hojalygy ýaly pudaklara diňe bir kapitaly däl-de, eýsem täze tehnologiýalary çekmegiň möhümdigini görkezýändigi bellenildi. Mejlisiň barşynda estoniýaly myhmanlara dokumental film görkezildi, şonda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we üstünlikleri, ösüş boýunça döwlet derejesinde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň amatly ugurlary barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer, ýurdumyzda şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, iri halkara maliýe we işewürlik düzümleri giňden çekmek bilen berk baglanyşyklydyr, soňky ýyllarda möhüm ugurlaryň birnäçesinde şol düzümler bilen bilelikde işlemek arkaly baý tejribe toplanyldy.
Ilkinji pursatlardan başlap netijeli pikir alşylmagyna mahsus häsiýete eýe bolan duşuşygyň barşynda eston kompaniýalarynyň wekilleri özara peýdaly söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýokary derejede taýýarlyk görlendigini hem-de bu hyzmatdaşlygyň oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny bellediler. Türkmenistan iri kapitalyň çekilmegine, demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglaryna degişli ulgamlary, logistikany, syýahatçylygy ösdürmek, şeýle hem Estoniýanyň bazaryna çykmak babatda gyzyklanma bildirýär. Şunda türkmen önüm öndürijileri nebiti gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanýan we nebit-himiýa önümleriniň, şeýle hem bäsdeşlige ukyply harytlaryň tutuş toplumynyň, şol sanda dokma we haly önümleriniň, mineral çig malyň we başga-da köp zatlaryň eksport edilmegini ýola goýup, öz işlerini amala aşyryp bilerler. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda uly möçberli taslamanyň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutup aýdanyňda, syýahatçylyk boýunça işewür gatnaşyklary ösdürmek has-da amatly bolup görünýär.
Hususy telekeçiligiň derejesindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalar, maslahatlar, işewürlik maslahatlary telekeçilige degişli düzümleri ýakynlaşdyrmagyň netijeli guralyna öwrülmelidir.
Estoniýaly myhmanlaryň Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda mundan beýläk-de hyzmatlaşlyk etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.