Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna ýakynda tamamlanan döwlet saparyny döwletara türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhyndaky örän möhüm ähmiýetli waka diýip atlandyrmak bolar. Pekinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde iki taraplaýyn möhüm ylalaşyklar baglaşyldy, bular deňhukuklylyk we uzak möhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň barşyna badalga berýär.
Dostlukly iki döwletiň Liderleriniň nobatdaky duşuşygyna eýýäm oňa taýýarlyk görlen mahalynda tutuş dünýäniň metbugaty tarapyndan içgin üns berlip ugraldy. Dünýäniň esasy habarlar agentlikleri türkmen Lideriniň HHR-e geçiriljek saparynyň öňüsyrasynda öz çeşmeleri arkaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşliginde aýdanlaryny ýaýratdylar, şonda Türkmenistanyň Hytaý bilen syýasat, ykdysadyýet, medeniýet—gumanitar we beýleki ugurlar boýunça köp jähetli gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän dostlukly iki döwletiň hyzmatdaşlygy bolup durýandygy aýdyň we örän takyk beýan edildi.
“Türkmenistan üçin Hytaý diňe ägirt uly we beýik döwlet bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň kuwwatly ykdysady we senagat merkezidir, giň we geljegi uly bazardyr. Ol ygtybarly we synagdan geçen dostumyzdur”. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu sözleri şol günlerde dünýä boýunça ýaýradylýan habarlaryň aglabasynyň esasy mazmunyna öwrüldi.
Hytaýda meşhur gazetleriň biri hasaplanýan “Ženmin Žibao” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp, häzirki wagtda uzak möhletleýin we strategiki häsiýete eýe bolup durýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň sebitde we Ýewraziýa yklymynda durnuklylygy we ösüşi saklamakda möhüm ähmiýetli ýagdaýdygyny belledi.
Döwlet Baştutanlarynyň biragyzdan bellemegine görä, Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hu Szintaonyň hoşmeýilliligiň we özara gyzyklanma bildirilmeginiň ruhuna ýugrulan duşuşygynyň halkara derejesinde giňden seslenme döredendigi tötänden däldir hem-de munuň özi Hytaýyň telewizion habarlar gepleşiklerinde hem-de metbugat we elektron neşirleriniň aglabasynda birinji derejeli täzelige öwrüldi. Türkmen Lideriniň Pekine we Hytaýyň uly şäherlerine saparynyň barşyna yzygiderli görkezýän telewizion gepleşikler, şeýle hem fotosuratlar bilen birlikde çap edilýän köp sanly makalalar arkaly tanyşmaga mümkinçilik döredi, ýerli gazetler bu saparyň barşyna tutuş sahypalaryny bagyşladylar.
Bütin dünýäde belli bolan “Sinhua” habarlar agentligi Hytaýyň paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyny belläp, HHR-iň Başlygy Hu Szintaonyň sözlerini beýan etdi, ol Hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen, sazlaşykly ösýän köp ugurly hyzmatdaşlygy hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny belledi.
Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň köpüsi Hytaýyň Lideriniň çykyşyna salgylanyp, Türkmenistanyň Baştutanynyň saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýetip gelýän 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup, şol gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam berendigini bellediler. Şonda bu ýyllaryň dowamynda taraplaryň hyzmatdaşlygy diýseň ýokary derejede saklandygy, milli bähbitlere laýyk gelýän ähli möhüm meseleler boýunça birek-birege goldaw berendigi nygtaldy.
Dünýäniň habar beriş agentlikleriniň türkmen Lideriniň HHR-e saparynyň barşy barada yzygiderli ýagdaýda täzelenip durulýan habarlary abraýly halkara bilermenleriniň teswirleri bilen utgaşdyrylyp berildi, olar ilkinji nobatda, iki ýurt üçin strategiki ähmiýete eýe bolan gaz pudagynda we beýleki ugurlarda möhüm ähmiýetli hem-de uly möçberli taslamalaryň birnäçesi bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini bellediler.
Russiýanyň ITAR-TASS habarlar agentligi ilkinjileriň biri bolup, ýokary derejede geçirilen türkmen-hytaý duşuşygynyň netijeleri boýunça dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekilendigini habar berdi. Bu habarlar agentligi: “Aşgabat dünýäde gury ýeriň üsti bilen geçýän iň uzyn Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý gaz geçirijisi arkaly HHR-e tebigy gazyň goşmaça möçberleriniň iberilmegini borç edindi” diýip ýazmak bilen, türkmen tarapyndan “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hem-de Hytaýyň adyndan Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) tarapyndan amala aşyryljak täze ylalaşyga görä, Hytaýa goşmaça 25 milliard kub metr gazyň iberiljekdigini habar berdi.
Öz gezeginde, Ukrainanyň “Ukrinform” agentligi “Türkmenistan iberilýän gazyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmegi göz öňünde tutýar. Şu möçbere 2015-nji ýyla çenli ýetmek maksat edinilýär” diýip habar berdi hem-de häzirki wagta çenli şertnama boýunça türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän möçberiniň ýylda 40 milliard kub metre barabardygyny ýatlatdy.
Şunuň bilen baglylykda, habar beriş serişdeleriniň käbiri 2009-näy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň taryhyna ýüzlenip, şol gaz geçirijini Hytaý üçin Merkezi Aziýadan tebigy gazy getirmek üçin niýetlenen ilkinji transmilli energetiki geçelgä öwrülendigini belledi. Bütindünýä internet ulgamynda çap edilen habarlarda 2011-nji ýylyň awgustynyň ahyryna çenli Hytaýyň Türkmenistandan jemi 13,68 milliard kub metre barabar “mawy ýangyjy” import edendigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly žurnalistler bilen söhbetdeşlikde kontinentde has uzyn ýangyç geçirijiniň gurulmagynyň möhüm ähmiýetlidigini aýdyp, “şu talamanyň amala aşyrylmagynyň deň hukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünilmegine, geljekde döreýän ýagdaýlara we mümkinçiliklere giňişleýin garalmagyna esaslanýan hakyky hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrülendigini” belledi. Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, şu taslama Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletleýin bähbitlerine hem-de ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygyň logikasyna laýyk gelýär, şunda energiýa serişdelerini ibermegiň ähmiýeti barha artýar.
Möhüm ähmiýetli energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk dostlukly iki ýurduň özara arkalaşykly hereketiniň wajyp ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şu saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, şol ýangyç geçiriji arkaly türkmen gazynyň HHR-iň günorta raýonlaryna, hususan-da, Hytaýyň Guandun welaýatyna iberilip ugralmagy muňa güwä geçýär.
Şunuň bilen baglylykda, halkara bilermenleri we synçylar Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň örän uly gorlaryna eýe bolmagynyň inkär edilmeýän ýagdaýa öwrülendigini bellediler. Munuň özi “Galkynyş” atly gazly iri zolak bilen baglylykda “Gaffney Cline & Associates” halkara kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz auditiň netijeleri arkaly tassyklanýar, şoňa laýyklykda häzirki wagtda bu ýerdäki gorlar 26,2 trillion kub metr gaza barabar möçberde diýlip baha berilýär, bu bolsa şol täsin tebigy ýatagy dünýäde ikinji orna çykarýar. RusEnergy kompaniýasynyň synçysy M. Krutihin “Nezawisimaýa gazeta” beren gürrüňinde “Şol möçber Hytaýyň, Hindistan bilen Pakistanyň, Ýewropanyň we munuň üstesine-de Russiýanyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterliklidir” diýip belledi.
“Nemeskaýa wolna” (Deutche Welle) Hytaýa türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberlerini ibermek baradaky ylalaşygyň Pekinde geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen köp sanly ikitaraplaýyn resminamalaryň biri bolup durýandygyny belleýär. Beýleki ylalaşyklar ykdysadyýetiň dürli pudaklary, medeniýet, bilim, nebit we gaz ýataklaryny burawlamak üçin enjamlary satyn almak maksady bilen berilýän karyzlar, terrorçylyga we bikanun ýollardan gazanylan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmek, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tälim bermek boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Dostlukly iki ýurduň Liderleriniň duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen Türkmen-Hytaý dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn çuňlaşdyrmak baradaky bilelikdäki Jarnama salgylanyp, daşary ýurt neşirleriniň aglabasy Türkmenistanyň we Hytaýyň geljekde-de dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy hem-de ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini belledi.
Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň gürrüňsiz ýagdaýda üstünlikdli bolandygyny aýdyň görkezýän resminamada halkara gatnaşyklarynyň köp sanly derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da biri-birine gabat gelýändigi bellenildi. Merkezi Aziýada köp taraplaýyn bähbitleriň utgaşdyrylmagyna we ýüze çykýan derwaýys meseleleriň syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmegine ygrarlylyga esaslanyp, howpsuzlygyň berk ulgamyny döretmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
Halkara synçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Wen Szýabao we halk wekilleriniň Bütinhytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygy U Bango bilen duşuşyklarynyň barşynda-da taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýyndygyny bellediler.
Şol duşuşyklaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususan-da: “Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlugy we hyzmatdaşlygy iki ýurduň halklaryna peýda berdi. Türkmenistan Hytaý bilen gatnaşyklaryna elmydama içgin üns berip, Hytaý tarapy bilen birlikde, energetika, söwda, maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar, öňe tarap hereket etmek maksady bilen, sebit we halkara derejesindäki işleriň utgaşdyrylmagyny berkitmek ugrundaky bilelikde ýadawsyz tagalla etmäge taýyn” diýip belledi. Bu aýdanlar “Sinhua” agentligi tarapyndan beýan edildi, bu agentligiň habarlary Hytaýyň ähli tele kanallary, çap edilýän we elektron neşirleri tarapyndan ýaýradyldy.
Hytaýyň habar beriş serişdeleri, ilkinji nobatda bolsa merkezi telewideniýe, köp sanly internet-saýtlar we “Ženmin žibao”, “Guanmin žibao”, “Szinszi žibao”, “Wenhueý žibao”, “Beýszin žibao” atly meşhur gazetler Türkmenistanyň Baştutanynyň saparynyň çäklerindäki beýleki möhüm ähmiýetli wakalara-da uly üns berdiler. Şol çäreleriň arasyndan Hytaýyň paýtagtynlda Türkmenistanyň Prezidenti, akademik, lumakçylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý dilinde çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Ganatly bedewler” we “Türkmenistan--melhemler mekany” atly kitaplary bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Pekin uniwersitetiniň hormatly professory” diýen adyň dakylmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň bilim we ylym boýunça gatnaşyklarynyň ýylsaýyn berkeýändigini görkezýän subutnama bolup, täsirli we ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Russiýanyň “INTERFAKS” agentligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda: “Ylymy we bilimi ösdürmek Türkmenistan üçin döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şol syýasatyň esasy maksady okatmagyň ýokary ülňülerini ornaşdyrmakdan, düýpli we tejribe bilen baglanyşykly ylmy barlaglaryň geçirilmegine goldaw bermekden we höweslendirmekden, ähli ylmy we bilim edaralaryny kompýuter tehnikasy bilen üpjün etmekden, kommunikasion tehnologiýalary ösdürmekden, ylym we bilim boýunça halkara derejesinde gazanylanlary alyş-çalyş etmekden, öňde baryjy daşary ýurt okuw mekdepleri bilen giňden hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar” diýen sözlerini beýan etdi. Şol habarda bellenilmegine görä, Türkmenistanyň Baştutany iki taraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Pekiniň uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy hem-de şeýle hyzmatdaşlygyň peýdaly boljakdygyny hem-de türkmen we hytaý halklarynyň bähbitlerine laýyk geljekdigini aýtdy.
Häzirki wagtda Hytaýyň dürli şäherlerindäki iri we abraýly ylym—bilim merkezlerinde türkmen talyplarynyň müňe golaýy tälim alýar. Milletiň lideri HHR-e döwlet saparynyň ilkinji gününde bu talyplaryň käbiri bilen duşuşdy. Saparyň hut şol duşuşyk bilen başlamagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlaryna uly umyt baglaýandygyny, ata Watanymyzyň geljegini şolara ynanýandygyny hem-de dünýäde Türkmenistanyň adynyň buýsanç bilen tutulmagyny tabşyrýandygyny görkezýän subutnamanyň birine öwrüldi. Daşary ýurt habar beriş serişdeleri döwlet saparynyň resmi, iş bilen bagly böleginiň öňüsyrasynda bu duşuşygyň mähirli ýagdaýda geçmeginiň ýakymly täsir galdyrandygyny bellediler.
Žurnalistler Türkmen—hytaý işewürçilik maslahatyna hem aýpratyn üns berdiler. Hususan-da, Hytaýyň “Sinhua” atly iri habar beriş agentligi HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Wan Sişanyň işewürçilik maslahatynyň açylyş dabarasynda aýdan sözlerini mysal getirip, “Soňky ýyllarda hytaý—türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli we oňaýly ýagdaýda ösdürilmeginiň dowam etdirilýänýändigini hem-de iki ýurduň birek-birege syýasy ynamynyň has-da pugtalanýandygyny” belledi. Duşuşyga iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 500-e golaý wekilleri gatnaşdylar, olar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda biri-biriniň üstüni ýetirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem-de şunuň bilen baglylykda hyzmatdaşlyk babatda örän oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini bellediler. Hytaýyň işewürçilik toparlarynyň wekilleri bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, global Internet ulgamynda çap edilen köp sanly makalalarda 2011-nji ýylda Hytaýyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşyna öwrülendigi bellenildi. Şu ýylyň dokuz aýynda iki ýurtlaryň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 3,5 milliarddan gowrak dollara barabar boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda hytaý kapitalynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 37-si hasaba alyndy we hereket edýär, maýa goýumly taslamalaryň 66-sy amala aşyrylýar, bularyň umumy möçberi milliardlarça dollara barabardyr.
Telekeçileriň Türkmenistanda amala aşyrylýan oňaýly maýa goýumly taslamalara, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek, Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesini gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty boýunça taslamalara gatnaşmak babatda bildirýän islegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň çäklerinde täzeden tassyklanyldy, Türkmenistanyň Baştutany bu duşuşyga HHR-e döwlet saparynyň jemleýji, dördünji gününde bardy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e saparyna degişli habarlaryň toplumyny çap eden Türkmenistan. Ru elektron gazeti “Türkmenistan we Gonkong bähbitleriň laýyk gelýän ugurlaryny äşgär etdiler” diýip belledi. Işjeň duşuşyklaryň çäklerinde taraplaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň söwda-senagat edarasynyň hem-de Gonkongyň degişli biznes—assosiasiýalarynyň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Aşgabatda ýa-da Gonkongda iki taraplaýyn işewürçilik maslahatyny geçirmek babatda ylalaşyndygy bellenildi.
Bir söz bilen aýdanyňda, saparyň dürli çärelere baý bolandygy, şol günlerde dürli derejelerde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ýokary netijeliligi öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistanyň we Hytaýyň milli we ählumumy ösüşiň belent maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze formatyny gurmak babatda bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygyny we olaryň muňa taýyndygyny ýene-de bir gezek tassyklady.