Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oswaldo Biato Juniordan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany Türkmenistanda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Häzir dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha bermek bilen, Braziliýanyň doly ygtyýarly ilçisi öz gezeginde türkmen halkyna we onuň Lideri – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz Lideriniň ýolbaşçylygynda tutuş dünýä bileleşigine mälim bolan uly üstünlikleri gazandy.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde myhman türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy şol syýasatyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Myhman şeýle hem türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan, döwletiň ähli ýaşaýyş-durmuş ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyryldy.
Brazil ilçisi şeýle hem milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary hem-de kanunçykarjylyk ulgamyna dahylly özgertmeler barada habarly edildi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň biri-birinden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanmanyň we özara islegiň bardygy beýan edildi. Şonda türkmen-brazil söwda-ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türkmenistanyň we Latyn Amerikanyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
Ilçi hoşlaşan mahaly Türkmenistanyň we Braziliýanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek, iki ýurduň halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.