Ï BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasynyň jähedindäki hyzmatdaşlyk utgaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasynyň jähedindäki hyzmatdaşlyk utgaşdyrylýar

view-icon 575
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň BMG-niň Merkezi Aziýada ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň, BMG-niň terrorçylyga garşy çäräni amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn toparyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň guramagynda geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, BMG-a gatnaşyjy beýleki döwletleriň onusynyň, ýagny, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Norwegiýa Patyşalygynyň, Pakistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem BMG-niň hem-de EB-niň ýokary wezipeli adamlary gatnaşdylar. Halkara derejesinde geçirilýän duşuşyga daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň iri düzümleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşmaga meýil bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşyga gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady we Aşgabadyň derwaýys halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülýändigini belledi. Bu bolsa türkmen tarapynyň BMG we sebitiň goňşy döwletleri hem-de dünýäniň ýurtlary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, wise-premýer aýtdy.

Eger-de, tutuş dünýäniň, yklymyň, sebitiň ýurtlaryna howp abanýan bolsa, bir ýurduň howpsuzlygy üpjün edilip bilinmez. Döwlet Baştutanymyzyň duşuşyga gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, bu ýörelge dünýä ýurtlary üçin jedelsizdir, biziň dünýämiz milli çäkleriň, syýasy doktrinalaryň we ideologik ýörelgeleriň çäginden çykýar. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, munuň üçin terrorçylyga garşy durmak boýunça ylalaşykly çäreleri durmuşa geçirmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň has netijeli görnüşini işläp taýýarlamak maksady bilen, BMG-niň Sebitleýin merkezi bilen ýygjam aragatnaşygyň ýola goýulmagy zerurdyr diýip belleýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. BMG-niň strategik hyzmatdaş hökmünde saýlanyp alynmagy kanuna laýykdyr we ol çuň mana eýedir. Merkezi Aziýada sazlaşykly we durnukly döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, sebitleýin parahatçylygy, howpsuzlygy gollamagyň pugta usullarynyň döredilmegi jähetinde alnyp barylýan gatnaşyklar babatda Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatlary BMG-niň wezipeleri bilen laýyk gelýär. Türkmen tarapynyň pikirine görä, BMG-niň howandarlygynda syýasy-dipldomatik gatnaşyklar halkara bileleşiginiň ilkinji nobatda sebitiň döwletleriniň şol maksady durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri esasynda ýola goýulmalydyr. Häzirki döwürde bu ugurdaky mümkinçilikler has giňedi.

Sebitde BMG-niň degişli mandata we Merkezi Aziýa döwletleriniň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolan öňüni alyş diplomatiýasy boýunça merkezi döredildi. Bu düzüm häzirki döwürde ýagdaýlara syn bermek boýunça işleýär, ähli derwaýys sebitleýin çärelere gatnaşýar. Onuň teklipleri BMG-de Merkezi Aziýa meseleleriniň dürli ugurlaryna çemeleşmeler işlenilip taýýarlanylanda göz öňünde tutulýar. BMG-niň sebitdäki doly ygtyýarly düzümi bolan Merkeziň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy halkara bileleşiginiň uzak möhletleýin gyzyklanmalaryna jogap bolup durýar.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Miroslaw Ýença BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň gutlagyny okady. Duşuşygyň baş maksady Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, olaryň oňyn çözülmegi üçin sebitleýin we halkara guramalarynyň tejribelerini hem-de mümkinçiliklerini giňden ulanmakdan ybaratdyr diýip bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2006-njy ýylda kabul eden we terrorçylyga garşy göreşmek üçin jemleýji syýasy we hukuk binýatlary düzülen köp ugurly resminama bolup durýan çözgüt Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça hereket etmegiň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Bu günki çäräniň gün tertibi şu ýylyň dowamynda Bratislawada, Duşanbede we Almatyda bilermenleriň derejesinde geçirilen geňeş maslahatlarynyň tekliplerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Şunlukda, sebit merkeziň ýolbaşçysy özüniň ýolbaşçylyk edýän sebitleýin düzüminiň işiniň esasy ugurlary barada aýtmak bilen, onuň strategik maksady häzirki zaman öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini herekete girizmek arkaly çylşyrymly ýagdaýy duýdurmak bolup durýar diýip aýtdy.

Duşuşykda BMG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işiniň hemmetaraplaýyn oňlanýandygyny belläp, forumyň gün tertibine girizilen meseleleriň derwaýysdygyny we onuň ählumumy gapma-garşylygyň öňüni almagyň, olaryň döremeginiň sebäplerini aradan aýyrmagyň netijeli guralyny işläp taýýarlamak boýunça tutuş adamzadyň tagallalaryny utgaşdyrmakda möhümdigi bellenildi. Merkezi Aziýa ýurtlary taryhy taýdan Ýewraziýa yklymynyň ulag ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, häzirki döwürde geosyýasy utgaşdyryjy ulgam hökmünde möhüm ähmiýeti bardyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň terrorçylyga garşy göreş meselelerine ylalaşykly işläp taýýarlamalary we olaryň utgaşdyrylmagyny biragyzdan bellediler we onuň bu meseleleri oňyn çözmekde netijeli häsiýete eýe boljakdygyny aýtdylar.

Duşuşykda gozgalan meseleleriň ýene biri hem Owganystandaky ýagdaý barada boldy. Bu ýurt bilen goňşy ýaşaýan döwletleriň hemmesi bu ýagdaýa jogapkärçilikli çemeleşýärler, şol sanda Owganystanyň ýagdaýyny durnuklaşdyrmagy, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmäge goldaw berýärler. Şeýle hem iri halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda ÝHHG, ŞHG, YGH, GDA we beýleki guramalaryň syýasy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň we olaryň tagallalarynyň birikdirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun we beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklary bu meseleleri bilelikde, gyzyklanma bildirýän dünýä guramalary bilen jebis hyzmatdaşlykda çözmäge sebitiň döwletleriniň taýýardyklarynyň subutnamasy boldy.

Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň we onuň Howpsuzlyk Geňeşiniň utgaşdyryjylygynda terrorçylyga garşy netijeli ulgamy döretmek boýunça Milletler Bileleşiginiň tagallalaryny goldaýar. Şu nukdaýnazardan biziň ýurdumyz terrorçylyga garşy göreşiň hukuk binýatlaryny ösdürmek meselelerinde Guramanyň agzalary bolup durýan döwletler bilen mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmegi niýet edinýär we halkara terrorçylygy baradaky Ählumumy konwensiýanyň taslamasy boýunça işleri has işjeňleşdirmegi ýörelgeleýin taýdan möhüm hasap edýär. Türkmen tarapynyň pikirine görä, dünýäniň dürli sebitlerinde terrorçylyga garşy maglumatlar-utgaşdyryjylyk merkezlerini döretmegiň mümkinçiligine seretmegiň wagty geldi.

Çykyşlarda nygtalşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen doly möçberli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk – munuň özi BMG-ny global hyzmatdaşlygyň tutuş häzirki zaman ulgamynyň esasy daýanjy, parahatçylygy gorap saklamagyň we goldaw bermegiň hem halkara arenasynda bähbitleri deňeçerleşdirmegiň, howpsuzlygyň häzirki hereket edýän binýadyny durnuklaşdyrmagyň esasy daýanjy hasap edýän döwletleriň strategik seçip alşydyr.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň BMG-niň Merkezi Aziýada Ähliumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça häzirki halkara duşuşygy, gürrüňsiz, bu meseläni çözmek boýunça işjeň gepleşikleriň ýolunda nobatdaky wajyp ädim bolar. Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýada terrorçylygyň garşysyna Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasy kabul edildi. Şeýle resminama sebitleýin derejede ilkinji gezek kabul edilýär, onda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasynyň çäklerinde bir bitewi çemeleşmelere hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna esaslanmak arkaly terrorçylyk howplaryna garşy durmak boýunça möhüm ugurlar hem-de anyk çäreler kesgitlendi.

Şeýle hem duşuşykda jemleýji Aşgabat Jarnamasy goldanyldy.

Onda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi tagallalary utgaşdyrmak üçin oňaýly mümkinçilikdir we ol bu pudakdaky milli, sebitleýin we halkara başlangyçlary üçin amatly ugur bolup durýar diýlip duşuşyga gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan ykrar edilýär. Ýokarda agzalan hereket etmegiň Bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň giňden goldanmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin guramalaryň gatnaşmagynda nobatdaky çäräni geçirmek hakynda çözgüt kabul edildi.

Şeýlelikde, duşuşygyň netijeleri, onda kabul edilen resminamlar we çözgütler taraplaryň öz üstüne alan borçnamlaryny ýerine ýetirmäge, ähli gyzyklanma bildirýän halkara düzümler bilen terrorçylyga garşy göreş meseleleri boýunça ýygjam, özara ylalaşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen çözgütleri beýan edilýär.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri we adamzat üçin iň çynlakaý wehimleriň birine garşy tagallalary jebisleşdirmek üçin zerur binýady goýmaga mümkinçilik beren duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.