Ï German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky güni: anyk netijeleri ugur edinip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky güni: anyk netijeleri ugur edinip

view-icon 522
Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky güni geçirildi, ol iki ýurduň arasynda ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine güýçli itergi bermelidir.

Ýokary derejeli guralan duşuşyga Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleiniň we pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyndan wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi, onuň düzüminde hökümete degişli edaralaryň, telekeçiligi ösdürmek boýuça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, belli konsalting kompaniýalarynyň we banklaryň hünärmenleri bar. Wekiliýetiň agramly bölegi 90-a golaý kompaniýa wekilçilik edýän telekeçileden ybaratdyr, şol kompaniýalaryň arasynda “Simens”, “Boş”, “Klaas”, “Liebher”, “Leýka”, “Getspartnýors“ , “Hospitaliýa Nnterneşnl”, “Basf”, “RWE” ýaly iri firmalar bar.

Aşgabat geçirilen bu ykdysady çärä 350-ä golaý adam gatnaşdy we ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de German ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.


Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny uly üns berip diňlediler. Şonda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropada ykdysady ösüşi boýunça öňdäki orny eýeleýän hem-de biziň döwletimiziň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda ulag we aragatnaşyk, ylym we bilim ulgamlaryny, gurluşyk senagatyny, häzirkizaman tehnikasynyň we enjamlarynyň getirilmegini görkezmek bolar.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ykdysadyýet we tehnologiýalar Federal ministrliginiň müdiriýetiniň başlygy Andres Noýman işjeň duşuşygy açyp, üstünlikli ösdürilýän türkmen-german gatnaşyklary bilen baglylykda bu çäräniň möhümdigini aýratyn belledi, taraplaryň tagallasy bilen, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze hilli derejä ýetirildi we täzeden sazlaşykly ösdürilýär. Dünýäniň, hususan-da, Ýewropanyň iri işewürleri tarapyndan bildirilýän uly gyzyklanmanyň artmagynyň ýurdumyzyň örän uly ykdysady we energetiki kuwwata eýe bolmagy, şeýle hem bu ýerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň giň gerimliligi bilen şertlenýänligi bellenildi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Raýner Morel bu çärä ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistan bilen däbe öwrülen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdi hem-de geljegine uly umyt bildirilýän türkmen bazarynda öz ornuny berkitmek isleýän german kompaniýalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda nemes kompaniýalarynyň 60-dan gowragy Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açdylar. German kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy we ýene-de birnäçe taslama durmuşa geçirilýär.

Umumy mejlisden soňra işler dört sany bölümde dowam etdirildi, şonda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli meselelerine garaldy. Meseleleriň umumy toplumlarynyň arasynda ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilýän döwründe Türkmenistanyň maýa goýumlary bilen bagly mümkinçiliklerine, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Türkmenistana Germaniýanyň ýokary öndürijilikli tehnikasynyň getirilmegine degişli meselelere aýratyn üns berildi. Germaniýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça öňe sürlen taslamalara, hususan-da, Türkmenbaşydaky portuň durkuny täzelemek, Aşgabatda howa menzilini gurmak ýaly taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri babatdaky örän uly kuwwatyny hem-de türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegini göz öňünde tutmak arkaly energetika pudagynda, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Myhmanlar hyzmatdaşlygy ösdürmegi we onuň ugurlaryny giňeltmegi maksat edinýändikleri barada aýdyp, Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça dünýäde öňdäkileriň biri bolmak bilen, toplanan tejribäni, täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge taýýardygyny bellediler. Munuň özi türkmen ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we ony ösüşiň innowasion ýoluna işjeň ýagdaýda geçirmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynda bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, himiýa senagaty, oba hojalygy, gurluşyk elektronika esasy ugurlar diýlip ykrar edildi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň ýakasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň uly möçberli taslamasynyň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutanyňda, syýahatçylyk ulgamynda telekeçilik gatnaşyklaryny ýola goýmak örän oňaýly bolup görünýär.

Duşuşykda telekeçiligiň derejesindäki hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi we amatly şertleriň döredilmegi senagatçy telekeçileriň sanyny artdyrdy. Olar diňe bir içerki bazaryň hajatlaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eksport boýunça bäsdeşlige ukyply bolup biler. Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegindäki belli önümçilik kärhanalarynyň aglabasy, şol sanda ýurdumyzyň azyk senagatynda öňdebaryjy diýlip ykrar edilen “Bereketli” hojalyk birleşigi, süýji önümlerini öndürýän “Hasar” fabrigi we beýlekiler Germaniýada işlenip taýýarlanan döwrebap we ýokary tehnologiki enjamlary ulanmak arkaly işleýärler. Ýakynda türkmen telekeçileriniň uly wekiliýeti Germaniýada bolup, kiçi we orta telekeçiligiň işi bilen tanyşdy.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu uly möçberli çäräniň çäklerinde, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Germaniýaynyň Ykdysadyýetiniň gününe gatnaşyjylar üçin duşuşyklaryň maksatnamasyny taýýarlady. Onuň maksady nemes telekeçilerini ykdysady ösüşe, maýa goýumlaryna we telekeçilige degişli ýagdaý bilen tanyşdyrmakdan, ýerli kärhanalar bilen gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu çäräniň öňüsyrasynda Germaniýa Federatiw Rsepublikasynyň işewür toparlarynyň wekillleri Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginde, Daşary ykdysady iş bankynda hem-de ýurdumyzyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklary geçirdiler. Ertir Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginde duşuşyk geçirmek göz öňünde tutulýar.

Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky gününiň çäklerinde “Mizan” telekeçilik merkezinde sergi guraldy. Şonda Germaniýanyň iri halkara kompaniýalarynyň mümkinçilikleri, olaryň täze taslamalary we işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyryldy.

Şu gün üstünlikli geçirilen çäre iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda işjeň gepleşigiň zerurdygyny ýene-de bir gezek görkezip, olaryň anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýändigini tassyklady hem-de türkmen-german döwletara hyzmatdaşlygyny täze derejä ýetirmek üçin özara arkalaşykly hereket etmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik döretdi.