Ï Bahaweddin Nagyşbendiniň ruhy mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşantdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahaweddin Nagyşbendiniň ruhy mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşantdyr

view-icon 6222
Şu gün türkmen paýtagtynda “Bahaweddin Nagyşbendi we sopuçylyk edebiýaty” atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty tarapynldan geçirilen bu wekilçilikli ylmy maslahat XIV asyrda Merkezi Aziýadaky sopuçylygyň uly wekiliniň, “Nagyşbendie” ady bilen, sopularyň bileleşigini esaslandyryjynyň ýaşan eýýamyna we durmuş ýoluna, şeýle hem Gündogar edebiýatynda Bahaweddin Nagyşbendi bilen bagly ýörelgelere bagyşlandy.

Aşgabatdaky maslahata ýurdumyzyň alymlary bilen birlikde dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň ylym wekilleri ýygnandy hem-de bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmelere we şol sanda, ylma degişli ugurda giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanyp ýöredýän syýasatynyň çuňňurlygyny we häzirki döwre mahsusdygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň birine öwrüldi. Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Türkmenistana ilkinji gezek gelen alymlar hem az däl, olar ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň uly möçberlidigine göz ýetirdiler hem-de ýakynda döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny bellän türkmen halkynyň üstünlikleri bilen tanyşdylar.

Maslahatda üç sany bölüm boýunça geçirilen mejlisleriň barşynda 100-den gowrak çykyşlar we habarlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, Nagyşbendiniň we musulman dünýäsinde giňden ýaýran sopuçylyk mekdepleriniň ruhy mirasynyň, şol mirasyň beýik şahyr we akyldar Magtymgulynyň, şeýle hem XVIII—XIX asyrlardaky türkmen edebiýatynyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine ýetiren täsiriniň öwrenilmegine bagyşlanan meseleleriň uly toplumyna garaldy. Ylmy söhbetdeşligiň barşynda “Nagyşbendie” akymynyň taryhy, irki döwürdäki sopularyň mistisizmden başlap, Gündogaryň filosofiýasyndaky rasionalizme çenli ýoly Nagyşbendiniň oý-pikirleriniň türkmen nusgawy şygyrýetine, ýewropa edebiýatyna ýetiren täsiri ýaly meselelere üns berildi.

Çykyşlaryň agramly bölegi Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň halklarynyň filosofiýasyny, taryhyny, dil bilimini, teologiýany, halk döredijiligini öwrenmekde Bahaweddin Nagyşbendiniň ruhy mirasynyň möhüm ähmiýetine bagyşlandy.

Şeýle hem orta asyrlardaky we täze döwürdäki türkmen edebiýatynyň taryhynyň öwrenilmeginiň meseleleri boýunça gyzykly pikir alşyldy, medeniýetleriň özara täsiri baradaky çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi.

Çykyşlarda öz döwrüniň ajaýyp wekili hökmünde Bahaweddin Nagyşbendiniň oý-pikirleriniň giňden ýaýrap, meşhur bolandygy, şeýle hem birnäçe asyrlaryň dowamynda we ol aradan çykandan soňky döwürde musulman ýurtlarynda sopuçylygyň, ylmy we çeper oý-pikiriň ösüşine öz täsirini ýetirendigi bellenildi. Taryhy we milli çygyrlaryň çäklerinden çykmagyň Nagyşbendiniň adynyň tutuş dünýä medeniýetine degişli edilmäge mynasypdygyna şaýatlyk edýär.

Halkara maslahatynyň ahyrynda onuň işiniň netijeleri jemlenildi. Maslahata gatnaşyjylar dolulygyna oňlanan tekliplleriň birnäçesini hemmeleriň garamagyna hödürlediler.

Maslahatyň myhmanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gadymy türkmen topragyna gelip, gumanitar bilimleri ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdylar.

“Bahaweddin Nagyşbendi we sopuçylyk edebiýaty” atly halkara ylmy maslahatynyň işi tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.