Şu gün paýtagtymyzda GDA we Ýewropa ýurtlarynda habar beriş serişdelerini işini hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça tejribe alyşmagyň meselelerine bagyşlanan “Audio-wizual” habar beriş serişdelerini hukuk taýdan üpjün etmek” atly iki günlük maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokrtaiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde “Bi-bi-si ” Bütindünýä Gullugynyň Gaznasynyň amala aşyrýan “Türkmenistanda habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky taslama” tarapyndan guralan maslahatyň işine milli telewideniýäniň we radionyň, merkezi gazetleriň we žurnallaryň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, DIM-niň we Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokrtaiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri hem-de birnäçe ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde dünýäde habar beriş serişdelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli habar beriş serişdeleriniň kämilleşdirmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi, habar beriş serişdeleriniň işi döwrüň talaplaryna, jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüş boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen wezipelere laýyk gelmelidir.
Ilkinji pursatlardan başlap, açyk we gyzykly pikir alyşmak ýagdaýynda geçen maslahatyň gün tertibine Internetiň we sanly tehnologiýalaryň eýýamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kadalaşdyrmagyň dürli ulgamlaryna degişli halkara hukuk meseleleri, telekeçilik tele ýaýlymlaryny we çap edilýän habar beriş serişdelerini döretmek üçin hukuk esaslaryna degişli meseleler we beýlekiler girizildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň möhümdigini belläp, ählumumy halkara kadalarynyň we standartlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk getirilmeginiň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hukuk özgertmesiniň möhüm ähmiýetli ugry bolup, türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlaryň halkara resminamalaryna we käbir döwletleriň şu ugur boýunça kanynçylygynda berkidilen esasy düzgünler bilen tanyşdyryldy.
Maslahatyň barşynda Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan, Gruziýadan çagyrylan halkara ekspertleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň esasy ýörelgeleri, GDA we Ýewropa ýurtlarynda bu işi hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň usullary bilen tanyşdyrdylar. Pikir alyşmalaryň barşynda çykyş edenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmelidigini aýtdylar.
Ertir maslahat “Ak altyn” myhmanhanasynda öz işini dowam etdirer.