Ï Türkmenistan-BMG: ýolbaşçy işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG: ýolbaşçy işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk

view-icon 601
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde üç günlük maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, halk hojalyk toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri, şol, sanda ähli derejedäki ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şerti bolup durýar. Şol özgertmeler ýurdumyzy ykdysady we durmuş ösüşiniň belent sepgitlerine çykarmaga gönükdirilendir.

Şu günki maslahat hem bu wezipäni çözmekde goşant boldy. Onda BMGÖM-niň halkara bilermeni hanym Ý. Danilowa-Kross döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmakda halkara tejribesiniň möhüm ugurlaryna degişli synlar bilen çykyş etdi.

Şu günki maslahatyň möhüm taraplarynyň ýene biri, ol hem täze okuw ýylynda Döwlet gullugy akademiýasynda halkara standartlaryna laýyklykda okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen okuw maksatnamalary täzelendi, ykdysady, hukuk we gumanitar ugurlary boýunça täze akademiki dersleri girizildi.

Okatmagyň iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, bu ugurda halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň milli ulgamyny döretmek boýunça okuw we ylmy-usulyýet merkezi hökmünde akademiýanyň işiniň möhüm ugry bolup durýar.

Bu babatda tejribe we bilim alyşmaga ýardam edýän maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan BMGÖM bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemek gerek. “Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek” atly üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki taslama munuň aýdyň subutnamasydyr. Taslamanyň çäklerinde “Elektron dolandyryşy” we “Ynsan ösüşi” diýen täze dersleri okuw maksatnamasyna ornaşdyrmak, iň gowy halkara tejribesiniň esasynda we ileri tutulýan milli ugurlary nazara almak bilen okuw okatmagy kämilleşdirmek boýunça deslapky işler alnyp barylýar.

Şu günki maslahatyň çäklerinde “Ynsan ösüşi: esasy we ileri tutulýan ugurlar, halkara tejribesi” diýen mowzuk boýunça professor-mugallymlar düzümi üçin usulyýet materiallary işläp taýýarlamakda we akademiýanyň okuw maksatnamasyna girizmekde ýardam etmek boýunça tegelek stol we iş duşuşyklary geçirildi.