Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri okuw maksady bilen Awstriýada we Germaniýada saparda boldular. Okuw saparynyň maksady bu ýurtlarda kiçi we orta telekeçiligiň ösüş ugurlary bilen tanyşmakdan ybaratdyr.
Bu okuw sapary biziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň maksatnamasyna laýyklykda «Turkmеn - Еuropеan Advancеd Chambеr ЕmpowеRmеnt (ТЕАCНЕR) (Mugallym) taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (taslama boýunça hyzmatdaş), Türkmenistanyň söwda -senagat edarasynyň (taslamanyň assosiirlenen agzasy) hünärmenleriniň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmekligine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bu taslama türkmen hünärmenleriniň we Ýewropa Bileleşigindäki kärdeşleri hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda iri edaralaryň wekillerini – Awstriýanyň ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermek boýunça Federal Palatasynyň (WIFI IKT), şeýle hem -«Sеgua» (Germaniýa) и «Hilfswеrk Austria» (Awstriýa) jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirdi. Olaryň esasy maksady bolsa ykdysadyýetiň hususy böleginiň kärhanalaryny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Telekeçiligi ösdürmek boýunça seminar okuwlarynyň tapgyry Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň – TEACHER taslamasynyň tagallalaryny birikdiren bilelikdäki nobatdaky başlangy bolup, şeýle okuwlar öň Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçilik mekdebinde geçirilipdi . Şol okuwlary Awstriýanyň we Germaniýanyň hünärmenleri geçirdiler.
Bu okuwa gatnaşyjylar paýtagtda we sebitlerde ýerleşýän kiçi kärhanalaryň onlarçasyna baryp gördüler. Olar oba hojalyk, et-süýt, miwe, gök önümi gaýtadan işleýän kärhanalaryna we gurluşyk kompaniýalaryna we okuw merkezlerine baryp gördüler we olaryň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar.
Wenada bu ýurduň ähli telekeçiligine wekilçilik edýän „Awstriýanyň ykdysadyýet Palatasynyň“ işgärleri bilen duşuşyk hem guraldy. Şeýle-de myhmanhana we restoran telekeçiligine ýöriteleşdirilen „Syýahatçylyk mekdebiniň“ hünärmenleriniň işleri bilen hem tanyşlyk geçirildi. Tejribe okuwlary hünär taýýarlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ugra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçilik mekdebiniň ýakyn döwürdäki meýilnamasynda esasy orun berilýär.
Nemes hyzmatdaşlary türkmen kärdeşleri üçin diş bejeriş enjamlaryny öndürýän M&S kärhanasyna, Tehnologiýalar Merkezine , Germaniýanyň kooperatiwler Akademiýasyna, alma ösdürip ýetişdirýan Otto-Şmitsiň kärhanasyna, söwda-senagat palatasyna, senetkärleriň okrugyna tanyşlyk çärelerini guradylar. Trir şäherinde ýerleşýän özboluşly okuw merkezi bolan „Senetçiler Palatasy“ bilen bolan tanyşlyk çäresi aýratyn ýatda galyjy boldy. Sebäbi bu palatanyň işi biziň ýurdumyzyň Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçilik mekdebiniň alyp barýan okuw işleri bilen çalymdaşdyr.
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz hatarlaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak we artdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şunda birleşmäniň düzümine girýän telekeçilik mekdebiniň orny uludyr. Ýurduň ähli sebitlerinde diýen ýaly öz bölümleri bolan bu telekeçilik mekdebi ýerli häkimiýetleriň goldaw bermekleri bilen netijeli işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda bu mekdebiň Lebap welaýatyndaky bölüminde örän möhüm bolan menedjment, iňlis dili, kompýuter sowatlylygy, buhgalter hasabaty, tikin işi we beýlekiler boýunça diňleýjileri kabul etmek dowam edýär. Ýakyn wagtlarda bolsa Balkan welaýatynda hem bu mekdebiň bölümi açylar.
Indiki ýylyň başynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçilik mekdebinde zenanlaryň işewürligini ösdürmek we daşary ykdysady işi guramak boýunça maslahatçylary taýýarlamaga gönükdirilen nobatdaky okuw seminarlaryň tapgyry başlanar.