Ï Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň wekilleriniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň wekilleriniň sapary

view-icon 580
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy.

Gürrüňdeşligiň barşynda myhmanlar milli parlamentiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurtda alnyp barylýan hukuk özgertmeleriniň jähedinde ýerine ýetirýän işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Öz gezeginde täjik deputatlary Täjigistan Respublikasynyň ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy guramasy bolan Majlis Oliniň düzümi, ähmiýeti we orny hakynda habar berdiler.

Pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklary soňky ýyllarda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi köp ugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iki doganlyk halklaryň rowaçlygynyň hem-de abadançylygynyň hatyrasyna durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Täjik deputatlarynyň belleýişleri ýaly, Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik syýasaty hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebitleýin bolşy ýaly, ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmek babatda öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we ol giňden goldanylýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklarynyň ösüşi iki ýurtlaryň arasynda däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm urgy bolup durýar diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şu gün täjik myhmanlary Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde we “Türkmengaz” Döwlet konserninde kabul edildiler.

Täjigistan Respublikasyndan gelen deputatlar Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baş milli muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler.