Ï Repetek – Türkmenistanyň ilkinji goraghanalarynyň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Repetek – Türkmenistanyň ilkinji goraghanalarynyň biridir

view-icon 3805
Şu ýyl Repetek goraghanasynyň döredilmegine 85 ýyl dolýar. Bu goraghana 1927-nji ýylda döredildi, 1979-njy ýylda bolsa, ÝUNESKO-nyň karary bilen biosfera derejesine eýe boldy.

Goraghana 1912-nji ýyldan bäri bar bolan gum-çägeli stansiýanyň binýadynda meşhur geograf we syýahatçy Semýonow Týan-Şanskiniň gatnaşmagynda döredildi. Şunluk bilen, türkmen tebigatynyň bu ýerleriniň öwrenilip başlanany bäri ýüz ýyl geçdi, bu senäni bolsa ýurdyň çägindäki tebigaty goramagyň başlangyç nokady diýip hasap etse bolar.

Goraghana Günorta-Gündogar Garagumyň Türkmenabatdan takmynan 70 km günorta-günbatarda ýerleşýär hem-de ol gara sazagyň ajaýyp tokaýlygyny gorap saklamaga niýetlenendir. Ol uly bolmadyk çägi eýeleýär, ýöne bu ýerde dünýäniň iň iri çölleriniň biri bolan, Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň 80 göterime golaý meýdanyny eýeleýän Garagumyň etalon landşafty saklanylýar.


Goraghananyň çäklerindäki iri agaçlaryň öz hususy atlary bardyr. Olary «Ýaşuly» we «Pälwan» diýip, hormat bilen atlandyrýarlar. Olaryň ýaşy bolsa, degişlilkde 60-65 ýyla barabardyr. Bu bolsa sazaklar üçin özboluşly ýokary ýaşdyr.

Dünýäde bu goraghananyň landşagtyna meňzeşi ýokdyr. Onuň özboluşlygy çölleri öwrenýän tejribeli alymlary geň galdyrýar. Bu ýerde çäge bilen berkän beýikli pesli iri çäge ulgamlaryna, göçýän alaňlara mahsus bolan çölüň ýel relýefiniň esasy görnüşleri gabat gelýär. Goraghananyň meýdanynyň ürgün çägeli bir bölegi «Repetek Saharasy» ady bilen meşhurdyr. Onuň bilen ýanaşyk ýerde bolsa Ýaman Tokaý atly uly sazak tokaýlygy ýerleşýär. Ýöne welin bu ýerde ajaýyp ösümlikli, özboluşly haýwanat dünýäsi bilen şular ýaly ajaýyp sazakly giňişlikleriň birnäçesi ýerleşýär.

Garagum – biziň planetamyzyň iň bir köp önümli çölüdir. Özi hem onuň ekoulgamy howa näçe gyzgyn bolsa, şonça hem netijeli işleýär. Tomsuna Selsiý boýunça onuň ortaça gyzgynlyk derejesi 50-60 ýetýär. Gyşyna düýbünden başgaça ýagdaý: güýçly aýazly, ýiti şemally bolýar. Käbir ýyllarda gyş-tomus aýlarynda howanyň derejesi 70 çenli ýetip bilýär.


Goraghananyň ösümlik dünýäsi kömelekleriň, ýönekeý ösümlikleriň, birýyllyk we köpýyllyk otlaryň, şoralaryň, ownuk gyrymsy agaçlaryň ýüzlerçe görnüşinden ybaratdyr. Olaryň üçden köp bölegi bolsa Garagumyň endemiki ösümlikleridir. Hünärmenleriň baha bermegine görä, bu ýeriniň haýwanat dünýäsinde oňurgaly haýwanlaryň 200-den gowrak görnüşi bardyr, oňurgasyzlaryň sany bolsa müňden hem aňyrdadyr.

Çöl – bu dürli görnüşli süýrenijilere hem baýdyr. Repetekde çal zemzene, pyşbaga, çöl we uzyn gulakly tegelek kellä, gekkona gabat gelmek bolýar. Bu ýerde ýylanlaryň 20-den gowrak görnüşi, şol sanda gum alahöwreni we orta aziýa kepjebaşy ýaşaýar. Umuman goraghanada Garagumda ýaşaýan dürli görnüşli guşlaryň 93 göterimi, süýrenjileriň hem 94 göterimi ýaşaýar.

Ynha indi elli ýyldan gowrak wagt bäri goraghanada Tebigat muzeýi işleýär. Onda goraghananyň çäginde ýaşaýan öňurgasyz haýwanlar, süýrenijiler, guşlar we süýdemdirijiler görkezilýär. Muzeýiň taryh bölümi hem gyzyklydyr. Sebäbi Repetek gadymýetde Ýewropa bilen Aziýany birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär.