Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk hudožnigi Juma Jumadurdynyň (1937-1998 ý.ý.) doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli onuň işleriniň ýubileý sergisi açyldy.
Belli heýkeltaraşyň watançylyk duýgularyna we ýagşy arzuw-hyýallaryna ýugurylan «Meniň ýurdym» we «Arzuw» diýen eserleri bu sungst ussadynyň öz halkyna, ene topragyna dabaraly waspynyň beýany bolup, sergide esasy orny eýeleýär.
Sergide orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary Omar Haýýama bagyşlanan işleriň tapgyry hem görkezilýär. Heýkelde gündogar şygyrýetiniň çeper äheňini beýan etmek üçin suratkeş nepis şekildäki küýzäni esas edip alýar. «Şygyr» diýlip atlandyrylan işleriň birinde belentlikde Omar Haýamy eli käseli ýagdaýda suratlandyrýar.
«Dostlaryň duşuşygy», «Keçjal eşek», «Oba çagalary», «Hoş geldiň kanikul», «Gojalara hemişe hormat» ýaly kiçi göwrümli bezeg heýkelleri serginiň aýratyn bezegine öwrüldi. Olar hoşgylaw degişmelere, gaýtalanmajak täsirlere, tolgundyryjy mylaýymlylyga ýugurlandyr.
Juma Jumadurdynyň döredijiliginde esasy orun alan zenan dünýäsi «Küşt depdi», «Zenan portreti», «Hüwdi aýdymy», «Enelik», «Gyzym» ýaly eserlerinde görkezilýär. Şeýle hem sungat ussadynyň döredijilik gözden geçirilişinde awtorlyk taslamalar, surat şekiller, durmuş wakalary,«Gorkut ata» dessanyna monografiýalar, «Salyr Gazan», «Çopanyň kellesi», «Hydyr atanyň gelmegi» eposlaryna litografiýalar we beýlekiler giňden görkezilýär. «Eller» atly özboluşly çeper kompozisiýada awtoryň içki oý-pikirleri, döredijilik gözlegleri öz beýanyny tapýar.
Juma Jumadurdy aýry-aýry döredijilik şahslaryna baý bolan türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekilidir. Ol 1967-nji ýyllarda, milli heýkeltaraşlyk sungatynyň ýaňy döräp ugran wagty, ýewropa heýkeltaraşlygynyň baý däp-dessurlaryna dolanyp hem-de gündogaryň özboluşly nepisligini utgaşdyryp, sungat älemine geldi.
Juma Jumadurdy 1937-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dünýä indi. Ol 1957-nji ýylda türkmen döwlet çeperçilik uçilişesiniň heýkeltaraşlyk bölüminde Alekseý Şetininiň ýolbaşçylygynda okap başlady. Onuň okuw ýyllarynda şol wagtky zehinli ýaşlar, häzir bolsa belli sungat ussatlary bolan M.Mämmedow, D.Baýramow, B.Annamyradow, S.Artykmämmedow, N.Ataýew, K.Ýarmämmedow dagy bilen ýakyndan tanyşlygy Jumadurdynyň sungatdaky ornuny we ugruny kesgitledi.
Soňra heýkeltaraş meşhur Dzintari (Pribaltika) döredijilik öýünde öz pikirdeşleri, ýakyn dostlary bilen ussatlygyny kämilleşdirdi. Ol öz uly bolmadyk ussahanasynda köp ýyllaryň dowamynda öndürijilikli işledi, halkara simpoziumlaryna we maslahatlaryna gatnaşdy.
Juma Jumadurdy 1965-nji ýylda suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmak bilen, öz sergi işlerine işeňňirlik bilen başlaýar. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda – Russiýada, Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Italiýada, Hindistanda, Kanadada, Bolgariýada, Çehiýada, Owganystanda we beýleki ýurtlarda öz eserlerini görkezdi.
Jumadurdynyň döredijilik gerimi öz manysy boýunça köpdürlidir. Ýer titremesinde heläk bolanlara, Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna bagyşlanan eserler onuň döredijiliginde esasy orun eýeleýär. Şeýle işleri üçin heýkeltaraş 1985-nji ýylda Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ol öz döwürdeşlerine bagyşlanan heýkel portretleriniň, bezeg kompozisiýalarynyň, ýönekeýje grafika we nakgaşçylyk eserleriniň hem awtorydyr.
Heýkel ussady syrly alamatlara we rowaýatlara ýugurylan, çylşyrymlaşdyrylan, okgunly hereketli ýa-da ýönekeýje şekillere çenli gutarnykly işlenen kiçi göwrümdäki eserleri bilen has uly meşhurlyk gazandy. Juma Jummatdurdy durmuşyň ähli şatlyk-hasratyny, zenan gözelligini we oglanlyk garagollygyny, çaga mährini, maşgala ojagyny mährini gaýtalanmajak ynam bilen suratlandyrýar. Palçyk onuň elinde direlýär, ýaşaýar we mähir saçýar.
Türkmenistanyň beýleki köp sanly suratkeşleri we heýkeltaraşlary ýaly Juma Jumadurdynyň döredijiligine-de gadymy miras we halkyň medenýeti bilen berk baglanyşyk duýulýar. Bu bolsa türkmen heýkeltaraşlyk sungatyny dünýä sungatynyň belentliklerine çykarýar.