Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça GIZ jemgyýetiniň bilelikdäki taslamasy durmuşa geçirilip başlanyldy. Aýratyn gymmatly, seýrek duş gelýän we Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleri adaty we täze şertlerde ýaýratmak maksady bilen olaryň tokaý-tohumçylyk merkezi hem-de tohum gaznasy döredilýär. Biziň ýurdumyzda ösýän baglaryň we gyrymty agaçlaryň-sazaklaryň, türkmen arçasynyň, pissäniň, türkmen badamynyň we geljekde Köpetdagyň eteginiň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrjak beýleki ösümlikleriň tohumlary synag barlagyndan geçiriler. Ýokary hilli tohumlardan ösüp ýetişen nahallar Türkmenistanyň iri şäherleriniň töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek üçin ekiler.
Bu işler üçin tohumlary saýpallaýan we arassalaýan hem-de olaryň hilini anyklaýan barlaghana enjamlarynyň toplumy satyn alnar. Ol enjamlary gurnamak we sazlamak, ýerli işgärlere olarda işlmegiň usullaryny öwretmek işlerini hem enjamlary iberen kompaniýalar ýerine ýetirerler. Dörediljek tohumçylyk merkezini zerur çig mallar bilen ýurdumyzyň nahalhanalary üpjün ederler. Enjamlaryň işleýşi synagdan geçirilenden soň tokaý-tohum merkezi Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň tokaý hojalygy müdirliginiň ygtyýaryna beriler.
Bu taslama ekologiýa boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-nemes hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem dowam etdirer. Ozal, ýurduň Tebigaty goramak ministrligi bilen halkara hyzmatdaşlygy boýunça Germaniýanyň GIZ jemgyýetiniň goldaw bermeginde “Türkmenistanda tokaý serişdelerini durnukly dolandyrmak” diýen taslama amala aşyrylypdy. Onuň çäklerinde daglyk, çöllük we sähralyk ýerleriň ekologiýa ulgamy üçin tebigy bolan ösümlikleriň ençeme görnüşinden tejribe tokaý zolaklary döredildi.