Aşgabatda Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde „Guşlar – tebigatyň gözelligi“ ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdyň Tebigaty goramak ministrliginiň wekilleri, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary, Türkmen oba hojalyk uniwersirtetiniň mugallymlary we talyplary, ornitologlar we janly tebigaty söýýänler gatnaşdylar.
Maslahata ýygnanlar Türkmenistanyň tebigatyny goramak, guşlaryň seýrek duş gelýän we gyzyl kitaba girizilen görnaüşlerini goramak meseleleri we türkmen tebigatynyň baý biodurlüligi barada çykyşlary diňlediler. Mälim bolşy ýaly, çägi tundrada, demirgazyk deňizlerde, köllerde we derýalarda, tokaýlarda we çöllerde ýaşaýan guşlaryň möwsümleýin düşleýän ugrunda ýerleşýän Türkmenistan göçýän guşlary goramaga degişli bolan halkara resminamalarynyň birnäçesine goşuluşýar.
Ylmy maslahatyň çäklerinde tematiki sergi guraldy. Onda muzeýiň gaznasynda, Türkmenistanyň ylmy kolleksiýasynda saklanylýan guşlaryň eksponatlary görkezildi. Bu geçirilen maslahat we sergi Bütindünýä guşlar gününe bagyşlanyp geçirildi.